TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Kişmişiň peýdaly häsiýetleri

Oba hojalygynda işleriň gyzgalaňly alnyp barylýan döwründe üzüm agaçlaryna ýokary derejede ideg edilýär. Bu bolsa olardan alynýan üzümiň ýokary hilli bolmagyna we kişmişiň hiliniň gowy derejede bolmagyna täsir edýär.

Kişmişiň birnäçe görnüşleri bardyr. Onuň düzüminde B witaminleri ( ), askorbin kislotasy, E, K, PP witaminleri, mikro we makroelementler bolan kalsiý, kaliý, fosfor, magniý, natriý, demir we sink bardyr.

Kişmişiň 100 gram kuwwatlyk gymmaty 265 kkal-a deňdir. Şeýle hem onda 0,46 gram ýag, 3,39 gram belok, 79,52 gram uglewodlar we 14,97 gram suw bardyr.

Kişmişdäki B witaminleri nerw ulgamyna oňyn täsir edýär we dartgynly ýagdaýlara garşy durmaga kömek edýär. Kaliý bolsa bagryň işleýşini gowlandyrýar.

Şeýle hem kişmiş immunitet ulgamyny ýokarlandyrmaga we adamyň ganyny arassalamaga kömek edýär hem-de ýürek-damar keselleriniň ýüze çykmagynyň öňüni alýar. Mundan başga-da dişleriň, dyrnaklaryň we saçlaryň sagdyn bolmagyny üpjün edýär.

Kişmişiň düzüminde glýukozanyň we fruktozanyň köp bolanlygy üçin onuň energiýa berijiligi ýokary hasaplanylýar. Ol ýaş, ösüp gelýän çagalaryň bedeniniň B witaminlere, C we E witaminlere, marganes, selen, sink, kaliý, fosfor, demir ýaly elementlere we beýleki peýdaly maddalara bolan talabyny kanagatlandyrýar.

Kişmiş pnewmoniýa we beýleki dem alyş keselleri üçin hem peýdalydyr. Ol tüýküligiň has gowy emele gelmegine kömek edýär. Diuretiki täsiri sebäpli kişmiş bedendäki toksinleri aýyrýar.

Agaýew Daýanç

TOHU-nyň talyby

Dünýäniň ilkinji wodorod otlusy synag edildi

 

Ýene-de okaň

«Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk jemlendi

Pagta ýygymy gyzgalaňly dowam edýär

Ýurdumyzyň dag-magdan senagaty işjeň ösdürilýär

Teswirle