Keselleriň öňüni almak boýunça wagtlaýyn hökmany çäreler girizildi

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň 2020-nji ýylyň 17-nji awgustynda çykaran 237 belgili buýrugy bilen ilatyň arasynda keselleriň öňüni almak boýunça wagtlaýyn hökmany çäreler girizildi. “Atavatan Türkmenistan” halkara www.atavatan-turkmenıstan.com saýty bugün güýje giren buýrugy gyzgyny bilen Size ýetirýär.

Türkmenistanyň Adalat ministrliginde 2020-nji ýylyň 18-nji awgustynda 1371 belgi bilen hasaba alynan we Buýrugyň degişli maddasy bilen bellige alynan güni güýje giren buýruga laýyklykda Ýurdumyzda ilatyň arasynda möwsümleýin ýokanç keselleriň ýaýramagynyň öňüni almak maksady bilen, epidemiýa garşy-sanitariýa (öňüni alyş) çäresi hökmünde ähli adamlar (mekdebe çenli ýaşly çagalar muňa degişli däldir) tarapyndan köpçülikleýin ýerlerde (eýeçiligiň görnüşine garamazdan ähli edara-kärhanalarda, menzillerde, söwda merkezlerinde, bazarlarda, dükanlarda, köçelerde we şuňa meňzeş beýleki köpçülikleýin ýerlerde) bolanlarynda, şeýle hem ulaglaryň ähli görnüşlerinde gatnalanda agyz-burun örtükleriniň dakynylmagynyň hökmanylygyny wagtlaýyn girizilýär.

Bu buýruk, Türkmenistanyň Sanitariýa kodeksiniň 17-nji maddasyna laýyklykda ýurdumyzda möwsümleýin ýokanç keselleri bilen bagly öňüni alyş çärelerini güýçlendirmek, raýatlaryň bu ugurda medeniýetliligini, jogapkärçiligini ýokarlandyrmak, şeýle hem Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparynyň 2020-nji ýylyň 16-njy awgustynda geçiren mejlisinde kabul edilen çözgütleri ýerine ýetirmek we ilatyň arasynda keselleriň öňüni almak boýunça wagtlaýyn hökmany çäreleri girizmek maksady bilen kabul edildi.

Buýrukda,  degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde şu buýrugyň birinji böleginde bellenen çäreler barada metbugatda we beýleki köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giňden wagyz-nesihat işlerini geçirmelidi beýan edilýär.

Saglyk ulgamyna degişli beýleki habarlarymyzy okamak üçin gök ýazylan ýere basyň!

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň

2020-nji ýylyň 17-nji awgustynda çykaran 237 belgili 

B U Ý R U G Y

Ilatyň arasynda möwsümleýin ýokanç keselleriň öňüni almak

boýunça wagtlaýyn hökmany çäreleri girizmek hakynda

Türkmenistanyň Sanitariýa kodeksiniň 17-nji maddasyna laýyklykda ýurdumyzda möwsümleýin ýokanç keselleri bilen bagly öňüni alyş çärelerini güýçlendirmek, raýatlaryň bu ugurda medeniýetliligini, jogapkärçiligini ýokarlandyrmak, şeýle hem Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparynyň 2020-nji ýylyň 16-njy awgustynda geçiren mejlisinde kabul edilen çözgütleri ýerine ýetirmek we ilatyň arasynda keselleriň öňüni almak boýunça wagtlaýyn hökmany çäreleri girizmek maksady bilen, buýurýaryn:

  1. Ýurdumyzda ilatyň arasynda möwsümleýin ýokanç keselleriň ýaýramagynyň öňüni almak maksady bilen, epidemiýa garşy-sanitariýa (öňüni alyş) çäresi hökmünde ähli adamlar (mekdebe çenli ýaşly çagalar muňa degişli däldir) tarapyndan köpçülikleýin ýerlerde (eýeçiligiň görnüşine garamazdan ähli edara-kärhanalarda, menzillerde, söwda merkezlerinde, bazarlarda, dükanlarda, köçelerde we şuňa meňzeş beýleki köpçülikleýin ýerlerde) bolanlarynda, şeýle hem ulaglaryň ähli görnüşlerinde gatnalanda agyz-burun örtükleriniň dakynylmagynyň hökmanylygyny wagtlaýyn girizmeli.
  2. Şu buýrugy Türkmenistanyň Adalat ministrliginde döwlet belligine alnan gününden herekete girizmeli.
  3. Degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde şu buýrugyň birinji böleginde bellenen çäreler barada metbugatda we beýleki köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giňden wagyz-nesihat işlerini geçirmeli.
  4. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň orunbasary, Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň başlygy ýurdumyzda epidemiýa garşy-sanitariýa (öňüni alyş) çäreleriniň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmeli.

Ministr                                                                              N.Amannepesow

Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan

2020-nji ýylyň 18-nji awgustynda 1371 bellige

alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan.

Çeşme :minjust.gov.tm

 



ÝENE-DE OKAŇ

Braziliýanyň Prezidenti Žair Bolsonaru Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň çakylygy boýunça 2022-nji ýylyň birinji çärýeginde Russiýada saparda bolar. - Russiýanyň Prezidenti bizi Russiýa çagyrdy. Çakylyk kabul edildi. Meniň üçin bu örän hormatdyr. Bu biziň ýurtlarymyzyň arasynda ähli mümkinçilikleri açýar - diýip, Bolsonaru hepdelik çykyşynda mälim etdi. Braziliýanyň lideriniň aýtmagyna görä, bu saparyň fewral-mart aýlarynda bolmagyna garaşylýar. Bolsanaru köp sanly ministrler bu...
Energetika ministrliginiň binasynda sanly ulgam arkaly Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gyrgyz toparynyň nobatdaky bäşinji mejlisi geçirildi. Toparyň işine iki dostlukly ýurduň esasy ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň we işewür toparlarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Duşuşygyň gün tertibine bar bolan döwletara ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişine hem-de Türkmenistan bilen Gyrgyz Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryna degişli meseleleriň giň toplumy...
Angliýada koronawirus pandemiýasyna garşy sanjymlaryň ýedisinde geçirilen barlaglar üçünji sanjym babatynda «Pfizer» we «Modernanyň» has netijelidigini ýüze çykardy. Şeýlelikde, üçünji sanjymlar babatynda ilkinji synaglar hem tamamlandy. Aslynda, iňlis hökümeti üçünji sanjym üçin, hut, şu iki sanjymy saýlap aldy. Olaryň urulmagy bilen bedeniň kesele garşy göreşijiligi has güýçlenýär. Geçirilen deslapky barlaglar üçünji sanjymyň keseliň täze ştammy bolan «Omikron» görnüşiniň öňüni almakda hem...
1992-nji ýylyň 3-nji dekabrynda aragatnaşyk tehnologiýalarynyň ösüşiniň taryhynda möhüm tapgyra öwrülen bir waka bolup geçdi. Ýagny, bu gün dünýäde ilkinji SMS iberildi. Gysga tekst habarlaryny ibermegiň has giňden ýaýramagy, bu wakanyň öýjükli aragatnaşygyň taryhynda möhüm ähmiýete eýe bolandygyny tassyklaýar. Şeýle hyzmaty döretmek pikiri bolsa, 1980-nji ýyllaryň ortalarynda, GSM standartyny döretmek boýunça işler alnyp barylanda ýüze çykypdyr. Taslamanyň çäginde Ýewropaly...
Dil-aragatnaşyk serişdesidir. Sözleýiş hakykaty şöhlelendirmegiň  adama mahsus bolan görnüşidir. Dil we sözleýiş aň we pikirlenme bilen gönüden göni baglanyşykly bolup, pikirlenmäni beýan edýär. Çaganyň dil öwrenýän wagty-mekdebe çenli ýaşly döwrüne gabat gelýär. Çaga 5-6 ýaşy dolýança öz ene dilinde arkaýýyn geplemegi, öz pikirini aýdyň beýan etmegi çagany terbiýelemekdäki möhüm meseleleriniň biridir. Çaganyň ene dilindäki sesleri dogry aýtmagy, sözleri we...
18,713FansLike
19,500FollowersFollow
907FollowersFollow
417SubscribersSubscribe

Iň täze habarlar