TEHNOLOGIÝA

Kesel anyklaýjy dron

XXI asyryň esasy tehnologik täzelikleriniň biri bolan dron kameralaryň mümkinçilikleri barha artýar. Ýakynda Ysraýylyň we Braziliýanyň alymlary oba hojalyk maksatly dronlaryň täze görnüşini işläp taýýarladylar.

Has takygy, täze kamera sitrus miweleriniň ösüşi we onuň ösüşini bökdeýän ýagdaýlar barada maglumatlary toplap, eýesine habar berýär. Bu kameralary Ysraýylyň «Agrowing» we Braziliýanyň «VetorGEO» kompaniýalarynyň hünärmenleri işläp düzdüler.

Döredijiler täze tehnologiýanyň adaty şertlerde alty aýdan iki ýyla çenli dowam edýän howply patogen keselini has ir ýüze çykarmaga mümkinçilik berjekdigine umyt bildirýärler.

Kamera ösümlikleri aňynda skanirleýär we gözegçilik edilýän ösümlikleriň kadalaşdyrylan görkezijisiniň esasynda keseli anyklap bilýär. Döredijileriň pikirine görä, emeli intellekt öz-özünden öwrenilýär, takyklygy gaýtadan işlenen şekilleriň sanynyň köpelmegi bilen ýokarlanýar.

Ilkinji synaglar oňyn netijesini hem berdi. Täze kamera sitrus miweleriniň beýleki kesellerini hem aradan aýyrmaga ýardam berer.

 

Syýahatçylyk Sahypamyz

Global pandemiýa şertleri tamamlanandan soňra haýsy ýurda syýahata gitsem diýýänler we syýahat etmegi söýýänleriň sahypasy

Ýene-de okaň

Ilon Mask Türkiýede wekilhanasyny açdy

Türkmenistanda elektron maglumat alyşmak ulgamy ösdürilýär

Aýda otly gatnawy hakykata öwrülýär

Ata Watan Eserleri

“Google” umumy bahasy 2 trillion dollardan geçen ABŞ-nyň dördünji kompaniýasy boldy

Türki döwletleri bilelikde kosmosa emeli hemra ibererler

“Samsung” ýene-de birinjiligi eýeledi