JEMGYÝET

Kerki howa menziliniň gurluşygy tamamlanyp barýar

«Gündogdy» hususy kärhanasynyň gurluşykçylary Kerki howa menziliniň gurluşygyny tamamlaýjy tapgyrda alyp barýarlar. Şu günler menziliň baş binasynyň daşyny bezeg plitalary bilen örtmek işine girişildi ― diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Uçjak bolup, ganatyny gerip duran ak guwy ýatladýan baş binanyň öňünde milli öwüşginli bezegler köpräk ulanylar. Beýikligi 28,8 metre ýetýän dispetçer gullugynyň diňi-de haly gölleri bilen bezeler.

― Häzir bu ýerde esasy gurluşyk işleri tamamlandy. Indi diňe daşary ýurtlardan getirilip, binada ornaşdyryljak enjamlary gurnamak işi galdy — diýip, «Gündogdy» hususy gurluşyk kärhanasynyň baş inženeri Gylyçmyrat Ataýew «Türkmenistan» gazeti gazetiň habarçysyna gürrüň berdi.

200 gektar meýdanda ýaýbaňlandyrylan gurluşyk işleri tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Howa menzili üçin zerur kömekçi desgalaryň-da birnäçesi guruldy. Elektrik toguny paýlaýjy kuwwatly desga olaryň ählisini elektrik togy bilen üpjün eder. Daş-töweregi bezeg agaçlary, güller bilen örtülmeli ajaýyp bina şu ýylyň baharynda görküne geler.

 

Foto Habarlar Sahypamyz

Ýurdumyzyň gözel künjegine degişli fotosuratlary bu sahypadan tapyp bilersiňiz!

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti Belarusyň Premýer-ministrini kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Russiýanyň Hökümet Başlygyny kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gyrgyzystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygyny kabul etdi

Türkmenistan Merkezi Aziýanyň zenan ýolbaşçylarynyň Dialogyna gatnaşýar

“Baýeri” durduran “Atalanta” Ýewropa Ligasynyň kubogyny gazandy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Seýed Ebrahim Raisiniň soňky ýoluna ugratmak dabarasy gatnaşdy

Ata Watan Eserleri