TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

Kerki howa menzili halkara şahadatnamalara eýe boldy

Kerki şäherinde gurlup ulanmaga berlen halkara howa menzili halkara raýat awiasiýasynyň şahadatnamalaryna eýe boldy. bu barada “orient.tm” internet neşirinde bellenilip geçilýär.

Lebap welaýatynyň Kerki şäherinde gurlan howa menziline Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen edarasy bolan Raýat awiasiýasynyň halkara guramasy (ICAO) tarapyndan dört harply UTAE belgilenmesi berildi we halkara derejesinde hasaba alyndy.

Bu “ICAO” indeksi kesgitlenen nokatlaryň arasynda aragatnaşyk üpjün edýän awiasiýa durnukly hyzmatynyň geografiki ýerleşişini görkezýär we howa nawigasiýasynyň howpsuzlygyny, howa hyzmatlarynyň yzygiderliligini, netijeliligini we tygşytlylygyny üpjün etmek üçin niýetlenendir.

Şeýle hem Mýunhen halkara howa menzili tarapyndan Kerki halkara howa menziline berlen laýyklyk şahadatnamasy hem köpçülige aýan edildi. Bu resminama, Halkara raýat awiasiýasy konwensiýasynyň (Çikago konwensiýasy, 1944) 14-nji goşundysyna laýyklykda,  howa menziliniň meýilnamalaşdyrmak we taslamalaşdyrmak bilen baglanyşykly ähli görkezijileriniň,şol sanda aerodromlaryň işleýşine we hyzmat edilmegine, şeýle hem gonuş bilen baglanyşykly nawigasiýa, meteorologiýa, yşyklandyryş we beýleki zerur ulgamlarynyň halkara kadalaryna we ülňülerine laýyk gelýändigini görkezýär.

Bbu talaplar uçuş-gonuş zolagynyň amallarynyň howpsuzlygyny ýokarlandyrmak maksady bilen işlenip düzüldi.

Kerki şäheri ýurdumyzyň gündogar welaýaty bolan Lebap welaýatynda ýerleşýär. Bu ýerde welaýatyň we ýurdumyzyň iri senagat we ulag infrastrukturasy döredilýär.

Kerki şäheri Türkmenabat şäherinden 210 kilometr daşlykda ýerleşýär. Mälim bolşy ýaly, 2018-nji ýylda Türkmenabat şäherinde hem halkara howa menzili gurlupdy.

 

Kerki şäherinde halkara howa menzili açyldy

Ýene-de okaň

Adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk babatda hyzmatdaşlyk ösdürilýär

Gruziýa Türkmenistana täze ilçi belledi

“Türkmenistan-Ýewropa Bileleşigi” Bilelikdäki komitetiniň mejlisi geçiriler

Teswirle