TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
MEDENIÝET

Kemal Sunalyň ady ebedileşdiriler

Türk kinematografiýasynyň dünýä belli ýyldyzlarynyň biri Kemal Sunalyň ady onuň dogduk etrabynda ebedileşdirilýär. Ýurduň Malatýa welaýatynyň Doganýol etrabynda täze dörediljek muzeý bilen kitaphana aktýoryň ady dakylar. Etrap häkimligi täze binalaryň Gökçe köçesinde ýerleşýändigini habar berdi.

Deslapky maglumatlara görä, muzeý we kitaphananyň 1000 inedördül metr ýerde ýerleşýär. Has takygy, häkimligiň hyzmatlar öýi hökmünde ulanylan binanyň durky täzelenip, muzeýe we kitaphana öwrüler.

Taslama ýakyn günlerde girişiler. Etrap häkimi Hakan Baýyň aýtmagyna görä, taslamalar ýaşlary milli gymmatlyklary we kitaby söýmäge iterjek binalarda Kemal Sunalyň ady ebedileşdiriler.

Ýeri gelende aýtsak, 1944-nji ýylda doglan kino ýyldyzy 2000-nji ýylda aradan çykdy. Ol 12 töweregi sahna eserinde we onlarça kinofilmde çykyş etdi.

 

«Galkynyş» käni: 3.9 milliarddan gowrak tebigy gaz eksporty

 

 

Ýene-de okaň

Muzeý gymmatlyklaryny rejelemek işine bagyşlanan brifing

Ata Watan Eserleri

«Ahalteke atçylyk sungaty» ÝUNESKO-nyň sanawyna giriziler

Beýonsadan taryhy “Gremmi” üstünligi

Teswirle