TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Kelemi ýygy-ýygydan iýmegiň peýdalary

Kelem A, B, C witaminleriniň we esasanam K witaminiň, fosforyň, kalsiýiň, magniniň, sinkiň we kükürdiň örän möhüm çeşmesidir. Şol sebäpli ýylyň dowamynda terligine ýa-da duzly görnüşde iýmek maslahat berilýär.

Kelemiň düzümine C witaminine baý bolan limon we apelsin bilen bäsleşip biljekdigi aýdylýar. Mundan başga-da, kelemde A, B1, B2, B3, B6 we E witaminleriniň köp mukdary bar.

Kelem, kaliý, kalsiý, fosfor, demir we magniý ýaly minerallara hem baýdyr. Bu gök önümiň täze ýapraklarynda gandaky gemoglobiniň köpelmegine itergi berýän köp mukdarda hlorofil bar. Şonuň üçin ganazlygy bolan her bir adam üçin yzygiderli iýmek maslahat berilýär.

Kelemiň gyzyl we ak görnüşleriniň iki hem peýdalydyr. Ylmy seljermelere görä, gyzyl kelemdäki minerallar we witaminler beýni öýjüklerini oňyn täsirini ýetirýär.

Kelemiň iki görnüşi hem gyş aýlarynda uzak wagtlap terligine saklanyp bilner. Gyzyl kelem iýmit siňdirişini güýçlendirýär, diş etiniň ganamagynyň öňüni almaga kömek edýär.

Karkara Rejepgulyýewa,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniñ talyby.

 

Aksakallar geňeşiniň başlygy Binaly Ýyldyrym Aşgabada geldi

Ýene-de okaň

Kompýuteriň programma üpjünçiligi

Ýürek joşguny

Ata Watan Eserleri

Köýtendag täsinlikleriň jülgesi

Teswirle