TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Kazylar wezipä bellendi

Türkmenistanyň kazyýetleriniň kazylaryny wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hem-de olara hünär derejelerini bermek hakynda

«Kazyýet hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 25-nji, 54-nji, 72-nji, 73-nji we 83-nji maddalaryna laýyklykda, karar edýärin:

Annamyrad Geldimyradowiç Saryýewi Aşgabat şäher kazyýetiniň kazysy wezipesine belläp, ony Aşgabat şäher kazyýetiniň prezidiumynyň düzümine girizmeli we Mary welaýatynyň Baýramaly şäher kazyýetiniň başlygy wezipesinden boşatmaly;

Serdar Rozymyratowiç Allakowy Ahal welaýatynyň Tejen etrap kazyýetiniň kazysy wezipesine belläp, ony Ahal welaýatynyň Tejen etrap kazyýetiniň administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazysy wezipesinden boşatmaly;

Maksat Çaryýewiç Jumaýewi Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrap kazyýetiniň kazysy wezipesine bellemeli;

Maksat Muhommetmyradowiç Oratdyýewi Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäher kazyýetiniň kazysy wezipesine bellemeli we oňa bäşinji hünär derejesini bermeli;

Gurt Amandurdyýewiç Gurbandurdyýewi Mary welaýatynyň Mary şäher kazyýetiniň kazysy wezipesine bellemeli;

Öwezmyrat Gaýypowiç Mämedowy Mary welaýatynyň Baýramaly şäher kazyýetiniň kazysy wezipesine belläp, ony Lebap welaýatynyň Darganata etrap kazyýetiniň administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazysy wezipesinden boşatmaly;

Çarynepes Pirnepesowiç Pirnepesowy Mary welaýatynyň Ýolöten etrap kazyýetiniň administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazysy wezipesine bellemeli we oňa bäşinji hünär derejesini bermeli;

Döwlet Atamyradowiç Babaýewi Balkan welaýat kazyýetiniň kazysy wezipesinden boşatmaly;

Guwanç Genjibaýewiç Hudaýberdiýewi Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrap kazyýetiniň kazysy wezipesinden boşatmaly;

Çaly Öwliýagulyýewiç Babaniýazowy Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrap kazyýetiniň administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazysy wezipesinden boşatmaly;

Nurgeldi Bekmyradowiç Baýryýewi Lebap welaýatynyň Köýtendag etrap kazyýetiniň kazysy wezipesinden boşatmaly.

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar BERDIMUHAMEDOW.
Aşgabat şäheri, 2022-nji ýylyň 8-nji dekabry.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Portugaliýa ilçi belledi

Nazarbaýew Halk Maslahatynyň Başlygyny gutlady

Türkmenistanyň daşary işler ministrine täze orunbasar bellendi

Ata Watan Eserleri

Teswirle