TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

Kawani bilen gyzyklanýarlar

Italiýanyň “Inter” hem-de Ispaniýanyň “Atletiko Madrid” toparlary Fransiýanyň “PSŽ” toparynda çykyş edýän urugwaýly hüjümçi Edison Kawani bilen gyzyklanýarlar. Kawaniniň “PSŽ” topary bilen şertnamasynyň möhleti tamamlanýar.

Italiýanyň “Inter” topary 33 ýaly futbolça 3 ýyllyk şertnama hödürledi. “Inter” topary hüjümçisi Lautaro Martinesiň topardan gitmekçi bolýandygy üçin Kawani bilen gyzyklanýar.

Şeýle hem bu ökde futbolçy bilen Ispaniýanyň “Atletiko Madrid” topary hem gyzyklanýar. Kawaniniň şu wagta çenli oýnamadygy çempionatda, ýagny Ispaniýada futbol ýoluny dowam etdirmäge isleg bildirýändigi mälim edilýär.

Kawani mundan ozal Italiýanyň “Palermo” we “Napoli” toparlarynda futbol oýnapdy.

Ýene-de okaň

Futbolyň iň abraýly kubogy Italiýada öndürilýär

Katar-2022: 17 günde 765 müň adam bardy

“Ahal” topary ýurdumyzyň çempiony boldy

Teswirle