TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

Kataryň nyşany bolan stadion açyldy

2022-nji ýylda futbol boýunça dünýä çempionatyny kabul edýän Katar döwletiniň nyşany hasaplanýan “Ahmad Bin Ali” stadiony ulanmaga berildi. Onuň açylyş dabarasyna Kataryň Emiri Emiri Tamim Bin Hamad Al-Tani gatnaşdy.

Katar döwletiniň milli gününiň dabaralarynyň çäklerinde ulanmaga berlen stadionyň açylyş dabarasyna FIFA-nyň prezidenti Jianni İnfantino we Aziýa Olimpiýa Geňeşiniň başlygy Şeýh Ahmed al-Fahd, AFK-nyň prezidenti Şeýh Salman bin Ibrahim Al Halifa, CONMEBOL-yň prezidenti Alehandro Dominguez we UEFA-nyň prezidenti Aleksandr Çeferin hem gatnaşdy.

Stadionyň açylyş dabarasynda Kataryň Emiriniň kubogyny almak ugrundaky ýaryşyň final duşuşygy geçirildi. Bu duşuşykda “As-Sadd” hem-de “Al-Arabi” toparlary duşuşdy. 40 müň tomaşaçyly stadion ýene-de 2 ýyldan futbol boýunça dünýä çempionatynyň duşuşyklarynyň geçiriljek esasy ýerine öwrüler.

Bu meýdançada 2022-nji ýyldaky çempionatyň çäklerinde 7 duşuşyk geçiriler.

Ýakyn Gündogar sebitinde ilkinji gezek abraýly sport ýaryşyny – futbol boýunça dünýä çempionatyny kabul etmäge taýýarlanýan Katarda stadionlaryň, metrolaryň, myhmanhanalaryň gurluşygy ýokary depginde dowam edýär.

2022-nji ýylda futbol boýunça dünýä çempionaty 21-nji noýabry-18-nji dekabry aralygynda geçiriler.

 

Wideo Habarlar Sahypamyz

Saýtymyzyň wideo habarlar sahypasy –geljekde iň işjeň sahypalaryň biri bolsa gerek. Häzirki döwürde bu sahypamyza birnäçe wideo rolik ýerleşdirilendir.

 

Ýene-de okaň

Katar-2022: Messili Argentina 1/8 finala çykdy

Dünýä çempionatynyň ilkinji zenan emini

Saud Arabystany dünýä çempionatyny gurnamakçy

Teswirle