Katarda dowam edýän futbol boýunça dünýä çempionaty gyzykly maglumatlara baý bolýar. 2014-nji ýylda dünýä çempiony bolan Germaniýa bassyr 2 dünýä çempionatynda, has takygy 2018-nji ýylda Russiýada geçirilen we häzir Katarda geçirilýän dünýä çempionatynda öz toparçasyndan çykyp bilmän öýüne dolanýar.
“E” toparçasynda Ispaniýa, Germaniýa, Ýaponiýa we Kosta-Rika bäsleşdi. Sport bilermenleri we janköýerler bu toparçadan Ispaniýa bilen Germaniýanyň çykjakdygyna ynam bildirdiler.
Ýöne beýle bolmady. Garaşylmadyk ýagdaýda Ýaponiýa toparçadan birinji bolup çykdy. Ýaponlar Germaniýany we Ispaniýany 2:1 hasabynda ýeňdi. Şeýlelikde, Ýaponiýanyň ýygyndysy XXI asyrda 6 dünýä çempionatynyň barysyna hem gatnaşyp, 4-üsinde pleý-off tapgyryna çykdy.
2014-nji ýylyň dünýä çempiony bolan Germaniýa bolsa Kosta-Rikany 4:2 hasabynda utandygyna garamazdan, öýüne dolanýar.
1/8 finalda Ýaponiýa Horwatiýa bilen, Ispaniýa bolsa Marokko bilen duşuşar.