TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

Katar-2022: rekordlaryň çempionaty

Katarda geçirilýän futbol boýunça dünýä çempionaty rekordlaryň çempionaty hökmünde futbol taryhynyň ýylýazgysynda öz ornuny alýar. Dünýä çempionatynda 1/8 final duşuşyklary tamamlandy. Şu wagta çenli geçirilen duşuşyklardan soňra Lionel Messi, Oliwier Žiru, Kilian Mbappe we Kristiano Ronaldo taryha girdi.

Ýekşenbe güni geçirilen Fransiýa bilen Polşanyň arasyndaky duşuşykda tapawutlanan 23 ýaşyndaky Kilian Mbappe dünýä çempionatyndaky 9-njy goluny geçirdi. 24 ýaşyna girmezden 9 gol geçiren ilkinji futbolçy boldy.

Şol duşuşykda tapawutlanan Mbappeniň topardaş ýoldaşy Oliwier Žiru bolsa, Fransiýanyň milli ýygyndysynyň düzüminde 52-nji goluny geçirdi. Şeýlelikde, ol 51 gol geçiren Týeri Anriden geçip, 52 gol bilen Fransiýanyň iň köp gol geçiren futbolçysy boldy.

MESSI MARADONADAN OZDURDY

Lionel Messi bolsa, özüniň hyýaly gahrymany Diego Armando Maradonadan öňe saýlandy. Ol hem dünýä çempionatynda 9 gol geçirdi. Maradonanyň dünýä çempionatlayrndkay gol sany 8-e deňdir. Argentinada bu ugurda rekord 10 gol bilen Batistuta degişlidir.

Şeýle hem Messi Argentinanyň ýygyndysy bilen Awstraliýanyň ýygyndysynyň arasynda geçirilen duşuşykda oýnap, karýerasyndaky 1000-nji duşuşygyny oýnady. Şol duşuşyklarda ol 789 gol geçirmegi başardy.

RONALDO 5 ÇEMPIONATDA GOL GEÇIREN ILKINJI FUTBOLÇY

Portugaliýanyň ýyldyzy Kristiano Ronaldo Gana ýygynsy bilen geçirilen duşuşykda tapawutlanyp, 5 sany dünýä çempionatynda gol geçiren ilkinji futbolçy boldy.

Ol şol bir wagtda 14,5 ýyldan soňra Portugaliýanyň ýygyndysynda duşuşygyň ilkinji minutlaryndan meýdança çykmady. Ol Portugaliýa bilen Şweýsariýanyň arasyndaky duşuşygyň 73-nji minutynda meýdança çykdy. Portugaliýa bu duşuşykda garşydaşyny 6:1 hasabynda ýeňdi. Ýöne Ronaldo tapawutlanyp bilmedi.

Ýene-de okaň

Messi Ronaldonyň rekordyny täzeledi

55 ýaşynda futbol oýnamagy dowam edýär

Ata Watan Eserleri

Futbol boýunça Aziýanyň kubogy Saud Arabystanyda geçiriler

Teswirle