TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

Katar-2022: ozalky çempion ynamly ýeňiş bilen başlady

2018-nji ýylda Russiýada geçirilen dünýä çempionatynda çempion bolan Fransiýanyň ýygyndysy “D” toparynda Awstraliýanyň ýygyndysyny 4:1 hasabynda ýeňdi.

“Al Janoub” stadionynda oýnalan duşuşykda günorta afrikaly emin Wiktor Gomes eminlik etdi. Duşuşygyň 9-njy minutynda Goodwin hasaba açyp, Awstraliýany öňe çykardy.

Şondna soňra tijenen Fransiýa 27-nji minutda Adrien Rabiot, 31-nji we 71-nji minutlarda Oliwier Žiru we 68-nji minutda Kilian Mbappe bilen hasaby 4:1 ýetirip, ynamly ýeňiş gazandy.

Ýene-de okaň

Katar -2022: nobat 1/4 finalda

Katar-2022: rekordlaryň çempionaty

Katar-2022: 36 ýyldan soňra Marokkonyň üstünligi

Teswirle