Katarda dowam edýän futbol boýunça dünýä çempionaty köp sanly gyzykly wakalara baý bolýar. Ilkinji gezek güýz-gyş paslynda geçirilen bu çempionat şol bir wagtda garaşylmadyk netijeleri bilen hem köpleriň ünsüni çekdi.
Ýewropanyň öňdebaryjy ýygyndylaryndan Belgiýa bilen Germaniýa, şol bir wagtda Günorta Amerikadan Urugwaý ýaly ýurtlar çempionatdan ir gaýtmaly boldular.
Şol bir wagtda Aziýanyň ýygyndylary görkezen ýokary netijeli futboly bilen haýran galdyrdy. Saud Arabystanynyň Argentinany ýeňmegi, Ýaponiýa bilen Günorta Koreýanyň 1/8 final tapgyryna çykmagy Aziýa futbolynyň ösüşdediginiň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.
Afrikadan Marokko 32 ýyldan soňra 1/8 finala çykmagy başardy. Şeýle hem Sadio Maneniň ýokdugyna garamazdan, Senegal hem dünýäniň iň güýçli 16 ýygyndysynyň hatarynda ornuny aldy.
32 ýygyndy bilen badalga alan dünýä çempionatynda 16 ýygyndy galdy.
1/8 finalda duşuşýan ýygyndylaryň oýunlarynyň senesi we wagty şeýle:
3-nji dekabr
20:00 Niderlandlar – ABŞ
00:00 Argentina – Awstraliýa
4-nji dekabr
20:00 Angliýa-Senegal
00:00 Fransiýa-Polşa
5-nji dekabr
20:00 Ýaponiýa-Horwatiýa
00:00 Braziliýa-Günorta Koreýa
6-njy dekabr
20:00 Marokko-Ispaniýa
00:00 Portugaliýa – Şweýsariýa