Günüň 2-nji duşuşygy 21:00-da “A” toparynda Senegal bilen Niderlandlaryň milli ýygyndysynyň arasynda boldy. Paýtagt Dohadaky Al Thumama stadionynda geçirilen duşuşykda braziliýaly emin – Wilton Sampaio eminlik etdi. Bu iki ýygyndy hem taryhlarynda ilkinji gezek duşuşdylar.
Duşuşykda Niderlandlar 2:0 hasabynda ýeňiş gazandy. Duşuşygyň 84-nji minutyna çenli hasap açylmady. Şol minutda Niderlandlardan Gapko tapawutlanmagy başardy.
Soňra duşuşygyň esasy wagtyna 8 minut goşamaça wagt berildi. Şol goşmaça wagtda Klassen tapawutlanyp, Niderlandlaryň 2:0 hasabynda ýeňmegine goşant goşdy.
Şeýlelikde, “A” toparynda Ekwador bilen Niderlandlaryň 3 utugy, Katar bilen Senegalyň utugy ýok.