Katarda geçirilýän futbol boýunça dünýä çempionatynda “Ç” we “D” toparçalaryndaky duşuşyklar tamamlandy. Saud Arabystanydan ýeňlip, dünýä metbugatynda uly orun alan Lionel Messili Argentina 1/8 finala çykmagy başardy.
Ilki bilen Meksikany 2:0 hasabynda ýeňen Argentina Polşany hem 2:0 hasabynda ýeňdi. Duşuşykda Lionel Messi 11 metrlik jerime urgusyndan peýdalanyp bilmedi. Ýöne Argentinadan Mak Allister ve Alwaresiň gollary ýygyndyny 1/8 finala çykmaga ýardam etdi.
Polşa 2:0 hasabynda utulandygyna garamazdan, indiki tapgyra çykmagy başardy. Sebäbi bu toparçanyň beýleki duşuşygynda Meksika Saud Arabystanyny 2:1 hasabynda utdy.
Şeýlelikde, Argentina 6 utuk, Polşa 4 utuk, Meksika 4 utuk, Saud Arabystany 3 utuk gazandy. Argentina bilen Polşa 1/8 finala çykdy.
“D” toparçasynda bolsa, indiki tapgyra çykmak hukugyna ozal eýe bolan Fransiýa Tunisden 1:0 hasabynda ýeňildi. Awstraliýa bolsa Daniýany 1:0 hasabynda utup, 1/8 finala çykdy.
1/8 finalda Argentina bilen Awstraliýa, Fransiýa bilen Polşa duşuşar.