Katarda geçirilýän futbol boýunça dünýä çempionatynda ilkinji duşuşygynda Saud Arabystanyna 2:1 hasabynda ýeňlen Argentinanyň ýygyndysy Meksika bilen möhüm duşuşyk geçirdi.
Duşuşygyň ikinji ýarymynyň 64 minutuna çenli duşuşykda hasap açylmady. Şondan soňra 64-nji minutda Lionel Messi we 87-nji minutda bolsa Enzo Fernandes tapawutlandy.
Şeýlelikde, möhüm 3 utugy gazanan Messili Argentina ýoluna dowam edýär. Messi dünýä çempionatynda 8 gol geçirip, bu babatda Diego Maradonany ýetdi. Argentinada bu ugurda 10 gol geçiren Gabriel Batistuta öňde barýar.
Şeýle hem Argentina bilen Meksikanyň arasyndaky duşuşykda ýene-de bir möhüm waka boldy. Bu duşuşygy 89 müň 966 janköýer tomaşa etdi. Mundan ozal, 1994-nji ýylda iň köp janköýerli dünýä çempionatynyň duşuşygy bolup geçipdi. 1994-nji ýylda Braziliýa-Italiýa duşuşygyny 94 müň 194 janköýer gatnaşypdy.
Bu toparda Polşa Saud Arabystany 2:0 hasabynda utup, toparda 4 utuk bilen birinji orunda barýar. Ikinji orundaky Argentinanyň we üçünji orundaky Saud Arabystanynyň 3 utugy we Meksikanyň 1 utugy bar.
Polşanyň düzümindäki Robert Lewandowski dünýä çempionatyndaky ilkinji goluny geçirdi.