TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

Katar-2022: Ispaniýadan 7:0-lyk uly hasaply ýeňiş

Katarda geçirilýän futbol boýunça dünýä çempionatynda 2010-njy ýylyň çempiony Ispaniýa bilen Kosta Rikanyň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu duşuşykda Ispaniýa 7:0 hasabynda ýeňiş gazanyp, çempionatyň iň uly ýeňişleriniň birine eýe boldy.

Dohadaky “Al Thumama” stadionynda geçirilen duşuşykda BAE-li Mohammed Abdulla Hassan Mohamed eminlik etdi.

Ispaniýanyň düzüminde 11-nji monitda Daniel Olmo, 21-nji minutda Asensio, 31-nji minutda Ferran Torres, 54-nji minutda Ferran Torres, 74-nji minutda Gawi, 90-nji minutda Soler we 90+2-nji minutda Alwaro Morato tapawutlandy.

18 ýaşyndaky Gawi Peleden soňra dünýä çempionatynyň taryhynda tapawutlanan iň ýaş futbolçy boldy. Pele 17 ýaşynda tapawutlanypdy.

Gawi bilen Pedri Ispaniýanyň täze Hawi bilen Inýestasy diýlip hasaplanýar.

Ýene-de okaň

Dünýä çempionatynda ilkinji gezek zenan emin eminlik etdi

Katar-2022: Ýaponiýa pleý-off tapgyrynda, Germaniýa öýüne dolandy

Katar-2022: Messili Argentina 1/8 finala çykdy

Teswirle