Katarda geçirilýän futbol boýunça dünýä çempionatynda “H” toparçasyndaky duşuşyklar tamamlandy. Bu toparçadan 2-nji duşuşygyň jemleri boýunça Portugaliýa 1/8 finala çykypdy. 3-nji duşuşygyň öňüsyrasynda Günorta Koreýanyň, Urugwaýyň hem-de Gananyň hem indiki tapgyra çykmak üçin mümkinçiligi bardy.
Bu ýygyndylaryň arasynda iň kyn ýagdaýda Günorta Koreýa durýardy. Koreý futbolçylary 3-nji duşuşykda Portugaliýa bilen duşuşdy. Portugaliýa oýnuň başynda öňe saýlandy. Ýöne ruhdan düşmedik koreý futbolçylary duşuşykda 2 gol geçirip, 2:1 hasabynda ýeňmegi başardy.
Urugwaý Ganany 2:0 hasabynda ýeňen hem bolsa, indiki tapgyra çykyp bilmedi.
Portugaliýa 6 utuk bilen birinji orny eýeledi. Günorta Koreýa bilen Urugwaýyň 4 utuk, Gana bolsa 3 utuk gazandy.
Koreýanyň ýygyndysy Urugwaýdan has köp gol geçirendigi üçin indiki tapgyra çykdy.