TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

Katar-2022: golsuz tamamlanan duşuşyklar

Katarda geçirilýän futbol boýunça dünýä çempionatynda golsuz tamamlanýan duşuşyklaryň sany 3-e ýetdi. Şu günüň ilkinji duşuşygynda “F” toparda Horwatiýa bilen Marokko duşuşdy. Duşuşyk çekeleşikli geçse-de, hasap açylmady.

Katar-2022-de şu wagta çenli oýnalan 9 duşuşygyň 3-si golsuz tamamlandy. Düýnki duşuşyklarda Daniýa bilen Tunisiň, Meksika bilenem Polşanyň arasyndaky oýunlarda hasap açylmandy.

Meksika bilen Polşanyň duşuşygynda hasabyň açylmazlygy Lionel Messili Argentinanyň hem peýdasy bolan bolmagy mümkin. Sebäbi Argentina garaşylmadyk ýagdaýda Saud Arabystanydan ýeňildi.

Soňky gezek dünýä çempionatyna gatnaşýan Messi şu gezek çempion bolmagy arzuw edýär.

Ýene-de okaň

Katar -2022: nobat 1/4 finalda

Katar-2022: rekordlaryň çempionaty

Katar-2022: 36 ýyldan soňra Marokkonyň üstünligi

Teswirle