Katarda dowam edýän futbol boýunça dünýä çempionatynda Fransiýadan soňra Braziliýa we Portugaliýa öz toparçalaryndan çykmagy başardy. Her iki ýygyndy hem 2 duşuşykda ýeňiş gazanyp, utugyny 6-a ýetirdi.
“G” toparçasynda çykyş edýän Braziliýa Şweýsariýany 1:0 hasabynda utdy. Duşuşygyň ýeke-täk goluny 83-nji minutda Kazemiro öz adyna ýazdyrdy. Şeýlelikde, Braziliýa 9-njy gezek pleý-off tapgyryna çykmagy başardy.
“G” toparçasynda Braziliýanyň 6, Şweýsariýanyň 3, Kamerun bilen Serbiýanyň 1 utugy bar.
Kristiano Ronaldoly Portugaliýa hem indiki tapgyra çykmaga hukuk gazanan ýygyndylaryň biri boldy. Bu ýygyndy Urugwaýyň ýygyndysyny 2:0 hasabynda ýeňdi. Duşuşykda Bruno Fernandes tapawutlandy.
Şeýlelikde, dünýä çempionatynda toparçalardaky 2-nji duşuşyklar tamamlandy. Nobat 3-nji duşuşyklarda. Bu duşuşyklar ýygyndylaryň indiki tapgyra çykmagy üçin möhüm bolup durýandygy üçin oýunlar şol bir wagtda geçirilýär.
Şu gün geçiriljek duşuşyklar şeýle:
Sagat 20:00
Niderlandlar – Katar
Ekwador – Senagal
Sagat 00:00
Uels – Angliýa
Eýran – ABŞ