TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

Katar-2022: Angliýanyň ynamly ýeňşi

Katarda dowam edýän futbol boýuna dünýä çempionatynyň ikinji gününiň ilkinji duşuşygynda Angliýanyň milli ýygyndysy bilen Eýranyň milli ýygyndysy duşuşdy. Duşuşyk 6:2 hasabynda Angliýanyň peýdasyna tamamlandy.

Dünýä çempionatynyň iň köp golly duşuşyklarynyň biri boldy. Duşuşyk Aşgabat wagty bilen 18:00-da başlandy. Bu iki ýygyndynyň arasyndaky ilkinji oýun boldy. Duşuşyk ýurduň milli stadiony bolan “Khalifa International”-da oýnalyp, oýna braziliýaly Rafael Klaus eminlik etdi.

Bu duşuşyk Eýranyň milli ýygyndysy üçin gowy başlamady. Duşuşygyň birinji ýarymynda toparyň derwezebany Alireza Beýranwand şikes alyp oýundan çykdy.

Şondna soňra birinji ýarymyň sonuňa çenli Angliýanyň ýygyndysy 3 gol geçirdi. 35-nji minutda ilkinji dünýä çempionatyndaky duşuşygynda Jud Bellingem tapawutlandy. Soňkar 43-nji minutda Bukaýo Saka we 45-nji minutda Rahim Sterling tapawutlandy.

Duşuşygyň ikinji ýarymynda Angliýa ýene-de 3 gol geçirdi. 62-nji minutda Bukaýo Saka, 71-nji minutda Markus Reşford we 89-njy minutda Jek Griliş tapawutlandy.

Eýranyň ýygyndysynyň 2 goluny 65-nji minutda we 113-njy minutda Mehdi Taremi öz adyna ýazdyrdy. Ol ikinji goluny 11 metrlik jerime urgusyndan geçirdi.

Bu duşuşyk belki dünýä çempionatlarynyň taryhyndaky iň köp goşmaça wagt berlen oýunlaryň biri boldy. Duşuşygyň birinji ýarymyna 14 minut, ikinji ýarymyna 10 minut goşuldy.

Ýene-de okaň

Garri Keýnden taryhy “gol”

Konor Makgregor dolanyp gelýär

Ronaldo täze toparyndaky ilkinji goluny geçirdi

Teswirle