Katarda geçirilýän futbol boýunça dünýä çempionatynda “A” we “B” toparçalaryndaky duşuşyklar tamamlandy. Düýn habar berşimiz ýaly, “A” toparçasyndan Niderlandlar 1-nji orny eýeläp, Senegal 2-nji orny eýeläp, indiki tapgyra çykdy.
“B” toparçasyndaky duşuşyklar hem düýn gije tamamlandy. Angliýanyň ýygyndysy Uelsiň ýygyndysyny 3:0 hasabynda utdy. ABŞ-nyň ýygyndysy bolsa, Eýrany 1:0 hasabynda ýeňmegi başardy.
Şeýlelikde, Angliýa 7 utuk, ABŞ-nyň 5 utuk, Eýranyň 3 utuk we Uelsiň 1 utuk gazandy. Angliýa birinji we ABŞ- ikinji bolup toparçadan çykdy.
Şonuň netijesinde, 1/8 finalda Niderlandlar bilen ABŞ, Angliýa bilen Senegal duşuşar.
Mundan ozal, Fransiýa, Braziliýa we Portugaliýa toparçadan çykmagy başarypdy.
Şu gün bolsa ýene-de 4 duşuşyk geçiriler.
Sagat 20:00-da
Tunis – Fransiýa
Awstraliýa – Daniýa
Sagat 00:00-da
Polşa-Argentina
Saud Arabystany – Meksika