DÜNÝÄ

Kasym-Žomart Tokaýew: Hazarýaka döwletleriniň azyk merkezini döretmegi teklip etdi

Aşgabatda geçirilýän Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň VI sammitinde çykyş eden Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Hazarýaka döwletleriniň azyk merkezini döretmegi teklip etdi.

Şeýle hem gazak Lideri Hazar sebitindäki hyzmatdaşlygyň käbir ugurlary boýunça öz başlangyçlaryny beýan etdi.

Birinjiden, Häzirki wagtda ilkinji nobatda Hazar deňziniň hukuk ýagdaýy boýunça konwensiýanyň güýje girmegini üpjün etmek. Dört ýyl bäri bu meselede özara kabul ederlikli çözgütlerini tapmak üçin köp işler alnyp barylýar. Bu babatda döwletleriň öz ugurlaryna hormat goýýarys.

Ikinjiden, adaty logistika ulgamyny döretmegiň şertlerinde ulaglaryň özara baglanyşygy durnukly ösüşde we döwletlerimiziň arasyndaky ykdysady gatnaşyklary berkitmekde möhüm faktor bolup durýar. Ýewropa, Merkezi Aziýa we Hytaý arasynda üstaşyr akymlaryny üpjün etmek üçin Transhazar halkara ulag ýolunyň orny ep-esli ýokarlandy.

Üçünjiden, sebitde azyk howpsuzlygyny güýçlendirmek aýratyn möhümdir. Geçen ýyl Gazagystan bilen Hazar ýurtlarynyň arasyndaky azyk söwdasynyň mukdary takmynan 3,4 milliard dollar boldy, şolardan takmynan 70 göterimi Russiýa bilen boldy.

Dördünjiden, Hazar ekosistemasyny gorap saklamak biziň hyzmatdaşlygymyzyň esasy ugurlaryndan biri bolmagynda galýar.

 

Raisi: VII Hazar sammitini geçirmäge taýýardyrys

 

Ýene-de okaň

Ispaniýa Türkmenistana täze ilçi belledi

Türkmenistanyň Garaşsyzlygy Stambulda bellendi

Gazagystan Germaniýa nebit eksportuny dowam etdirer

Kasym-Žomart Tokaýew bilen Olaf Şols duşuşdy

Eýranyň Gülüstan welaýatynyň hakiminiň Aşgabada sapary

Bütindünýä gümrük guramasynyň Baş sekretary Kunio Mikuriýa Aşgabatda