TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

Kasym-Žomart Toakaýew saýlawlarda ýeňiş gazandy

Düýn mälim bolşy ýaly, Gazagystanda wagtyndan öň prezident saýlawlary geçirildi. Şol saýlawlara dalaşgär görkezilen ýurduň häzirki Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew sesleriň 81, 31 göterimi alyp, täzeden prezidentlge saýlandy.

Ýurduň Merkezi saýlaw topary saýlawlaryň deslapky netijeleri barada maglumat berdi. Gazagystanyň resmi habarlar gullugynyň habar bermegine görä,  deslapky netijeler şeýle boldy.

Kasym-Žomart Tokaýew – 81,31% (6 456 392 adam);

Žiguli Daýrabaýew – 3,42 % (271 641 adam);

Karakat Abden – 2,60% (206 206 adam);

Meýram Kažyken – 2,53% (200 907 adam);

Nurlan Auesbaýew – 2,22% (176 116 adam );

Saltanat Tursynbekowa – 2,12% (168 731 adam).

Mälim bolşy ýaly, Gazagystanda 11 millionan gowrak saýlawçy hasaba alnyp, ýurduň çäginde we daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarda saýlaw uçastoklary döredilip, ses berişlik gurnaldy.

Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewi bu gazanan ynamly ýeňşi bilen HHR-iň Başlygy Si Szinpin gutlady we gutlag hatyny iberdi.

Ýene-de okaň

Türkmenistan-Russiýa: ylalaşyklaryň toplumyna gol çekiler

Türkmenistanyň Prezidenti Sadyr Žaparowy doglan güni bilen gutlady

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň Azerbaýjana sapary

Teswirle