TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Karantin düzgüniniň wagtyny gysgaltdy

Hytaý Halk Respublikasy ýurda gelýän daşary ýurtly syýahatçylar üçin hökmany karantin düzgüniniň wagtyny gysgaltdy. Bu barada Hytaýyň saglygy goraýyş boýunça döwlet komiteti habar berýär.

Ozal karantin düzgüniniň wagty 14 gün bolan bolsa, täze buýruk bilen onuň möhleti 7 güne çenli azaldyldy.

Hytaýyň saglygy goraýyş boýunça döwlet komitetiniň koronawirus ýokanjynyň ýaýramagynyň öňüni almak maksady bilen taýýarlanan gözükdirijide daşary ýurtdan Hytaýa gelýän ýolagçylaryň karantin düzgüniniň möhleti 14 günden 7 güne ýetirildi. Şondan soňra 3 gün öý gözegçiliginde bolmaly.

Hytaýyň saglygy goraýyş boýunça döwlet komiteti karantin düzgüniniň möhletini azaltmak baradaky çözgüdi koronawirusyň omikron görnüşiniň ýagdaýyndaky kadalaşma bilen baglanyşykly kabul edendigi bellenilýär.

Hytaý bu ýokanjyň öňüni almak babatda uly ösüşler gazandy. Ýurtda ençeme sanjymlar işlenip düzülip, ýokançlyga garşy göreş güýçli alnyp barylýar. Golaýda täzeden emele gelen koronawirus ýagdaýy gözegçilik astyna alnyp, çäklendirmeler gowşadylýar.

 

 

Hazar sammiti üçin metbugat merkezi döredildi

Ýene-de okaň

Hindistana barjak daşary ýurtlular üçin täze düzgünler

Ýaponiýaly işewürler : “Awaza” milli syýahatçylyk zolagy bilen gyzyklanýar

Baş Redaktor

Awaza :ýörite wiza tertibini işläp düzmek we girizmek meseleleri öwreniler

Baş Redaktor

Teswirle