JEMGYÝET

Kanuny kim kabul edýär: Halk Maslahatymy ýa-da Mejlismi

“Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda” Türkmenistanyň Konstitusion kanunyň kabul edilmegi bilen  Milli Geňeş döredilýär we Türkmenistanyň Milli Geňeşi iki palatadan — Halk Maslahatyndan we Mejlisden ybaratdyr. Biz bu iki palatadan her biriniň, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ygtyýarlyklaryny we Türkmenistanyň Mejlisiniň ygtyýarlyklaryny aýry-aýry habar edip saýtymyza ýerleşdirdik. Şonda Kanunlary kim kabul edýär soragy köpleri gyzyklandyryp biler! Bellemeli zat,  Konstitusion kanun 2021-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan herekete girizilýär.

Türkmenistanyň Konstitutsiýasynyň üýtgeýän 83-nji maddasyna görä, Kanun çykaryjylyk başlangyjyna bolan hukuk Türkmenistanyň Prezidentine, Halk Maslahatynyň agzalaryna, Mejlisiň deputatlaryna, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine we Türkmenistanyň Ýokary kazyýetine degişlidir.

Türkmenistanyň Konstitutsiýasynyň üýtgeýän 83-1-nji maddasyna laýyklykda  Türkmenistanyň kanunlary Mejlis tarapyndan kabul edilýär. Türkmenistanyň kanunlary Mejlisiň deputatlarynyň umumy sanynyň sesleriniň köplügi bilen kabul edilýär.

Kanunyň güýje girmegi

Konstitutsiýamyzyň agzalan maddasyna görä, Mejlis tarapyndan kabul edilen Türkmenistanyň kanunlary Halk Maslahatynyň garamagyna iberilýär. Türkmenistanyň kanuny Halk Maslahatynyň agzalarynyň ýarysyndan köpüsi tarapyndan ses berlen halatynda makullanylan hasap edilýär.

Mejlis tarapyndan kabul edilen we Halk Maslahaty tarapyndan makullanylan kanun Türkmenistanyň Prezidentine gol çekmek üçin iberilýär. Türkmenistanyň kanuny Halk Maslahaty tarapyndan ret edilen halatynda palatalar tarapyndan ylalaşdyryjy topar döredilip bilner, şondan soň kanun Mejlis tarapyndan gaýtadan seredilmäge degişli bolup durýar. Mejlis Halk Maslahatynyň çözgüdi bilen razy bolmadyk halatynda, eger Mejlisiň deputatlarynyň umumy sanynyň üçden iki böleginden az bolmadyk sesleriniň köplügi bilen kanuna öň­ki kabul edilen görnüşinde gaýtadan ses berlen bolsa ol kabul edilen hasap edilýär.

Konstitutsiýanyň üýtgeýän 71 (10-nji bent)-nji maddasyna görä, Türkmenistanyň Prezidenti  kanunlara gol çekýär, ylalaşmadyk halatynda, gaýra goýmak weto hukugyny peýdalanyp, özüniň närazylyklary bilen kanuny iki hepdeden gijä goýman, Mejlise gaýtadan ara alyp maslahatlaşmak we sese goýmak üçin gaýtarmaga haklydyr. Bu kanun Mejlis we Halk Maslahaty tarapyndan Konstitusiýada bellenilen tertipde gaýtadan seredilýär. Eger, gaýtadan seredilen kanun Halk Maslahatynyň agzalarynyň we Mejlisiň deputatlarynyň umumy sanynyň azyndan üçden iki böleginiň ses bermegi bilen öň­ki kabul edilen görnüşinde tassyklanan bolsa, onda Türkmenistanyň Prezidenti şol kanuna gol çekýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň Konstitusiýany kabul etmek, oňa üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda konstitusion kanunlar babatda gaýra goýmak weto hukugy ýokdur

Konstitutsiýanyň üýtgeýän 82-nji maddasyna laýyklykda  Türkmenistanyň Milli Geňeşi aýry-aýry meseleler boýunça Türkmenistanyň Prezidentine kanunlary çykarmak hukugyny berip biler, soňra şol kanunlary tassyklamak barada meselä Türkmenistanyň Milli Geňeşi tarapyndan hökman garalmalydyr.

Türkmenistanyň Milli Geňeşi aşakdaky meseleler boýunça kanunlary çykarmak hukugyny hiç

kime berip bilmez:

1) Konstitusiýany kabul etmek we ony üýtgetmek;

2) jenaýat we administratiw kanunçylygy;

3) kazyýet önümçiligi.

Degişli habarlar:

Türkmenistanyň Mejlisiniň ygtyýarlyklary näme?

Halk Maslahatynyň ygtyýarlyklary näme?

Milli Geňeşiniň agzalygyna näçe agza saýlanyp bilýär?

“Aýlyk zähmet haklaryny we pensiýalary yzygiderli köpelderis”

Täze Konstitusion kanun haçan güýje girýär?

Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» : Täze Perman

«Zenan kalby» ordeni : Täze Perman

Saglygy goraýyş işgärleri: Goşmaça hakyň möçberi näçe?

Täze Konstitusion kanun haçan güýje girýär?

Halk maslahatynyň mejlisi : öz işini tamamlady

Halk Maslahatynyň mejlisi başlady

Halk Maslahaty wideoaragatnaşyk görnüşinde geçiriler

Halk Maslahaty: Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanylan üstünlikler

Halk Maslahaty: saglygy goraýyş işgärlerine goşmaça ýeňillikler dörediler

Konstitusion Kanun tassyklandy :Halk Maslahaty

Halk Maslahaty : Habarlary gyzgyny bilen okaň!

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan-BMG: çarçuwaly maksatnamanyň täze tapgyry işlenip düzüler

Türkmenistan-Şweýsariýa: diplomatik we gulluk pasportlar üçin wiza talaplary ýatyryldy

Ata Watan Eserleri

Arkadag şäheri Awstriýada ýokary hil baýragyna mynasyp boldy

Abdulaziz Kamilowa Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen ady dakyldy

Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanan halkara maslahat

Ata Watan Eserleri

Türkmen halkynyň Milli Lideri Magtymguly adyndaky halkara baýrak bilen sylaglandy