TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
PEÝDALY MASLAHAT

Kanun boýunça mirasdarlar

Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň 1096-njy maddasyna laýyklykda, kanun boýunça miras edinmäge mirasdarlar nobatlylyk boýunça çagyrylýarlar.

Birinji nobatda –

aradan çykanyň çagalary (şol sanda ogullyga alnanlar), adamsy – aýaly we ene – atasy (ogullyga alyjylar), şeýle hem aradan çykandan soň onuň doglan çagasy;

Ikinji nobatda –

aradan çykanyň doganlary we uýalary, onuň atasy we enesi, babasy we mamasy.

Agtyklar, çowluklar we ýuwluklar, eger miraslyk ýüze çykan döwründe, miras galdyryjylaryň mirasdarlary bolmaly şolaryň ene-atalary diri bolmasa, başda görkezilenler kanun boýunça mirasdarlar hasaplanylýar hem-de kanun boýunça miraslyk edinilende olaryň ölen ene-atalaryna degişli bolup biljek paýa deň derejede miras alýarlar.

Agtyklar, çowluklar we ýuwluklar, eger olaryň ene-atalary mirasy almakdan ýüz öwren bolsalar, mirasdar bolup bilmezler.

Ýene-de okaň

Täze ýyl gijesi: awtobuslar 02:00, taksiler gije-gündiz hereket eder

Aşgabat şäheri boýunça awtoulaglary resmileşdirmek üçin nokatlaryň ýerleşýän salgylary

Ata Watan Eserleri

Sürüjilik şahadatnamasyny çalyşmaklyk üçin gerekli resminamalaryň sanawy

Ata Watan Eserleri

Teswirle