Fransiýada geçirilen 75-nji Kann kinofestiwalynyň baş baýragy bolan “Altyn palma şahasy” (Palme d’Or) baýragyna şwesiýaly režissýor Ruben Estlundyň “Gynanç üçburçlygy” atly filmi mynasyp boldy.
Festiwalyň ikinji derejeli baýragy bolan “Gran-pri” baýragyna bolsa, Lukas Dontuň “Ýakyn” atly filmi laýyk görüldi.
Festiwalyň “Iň gowy režissýory” baýragy “Gitmegi karar berdim” atly filmiň režissýory günorta koreýaly režissýor Pan Çhan Uk gazandy.
75-nji kinofestiwalyň ýörite baýragyna bolsa, “Tori we Lokita” filmi üçin Dardenn doganlar mynasyp boldy.
“Iň gowy aktýor” diýlip, koreýaly Son Kan Ho saýlanan bolsa, “Iň gowy aktrisa” baýragyna Zar Amir-Ebrahimi mynasyp boldy.
“Iň gowy ssenariýa” baýragyny bolsa, “Jennetdäki oglanjyk” atly filmi üçin şwed režissýor Tarik Saleh gazandy.
Festiwalyň esasy bäsleşigine 18 film gatnaşdyryldy. Sylaglama dabarasy festiwallar köşgünde geçirildi.
75-nji Kann kinofestiwaly 17-28-nji maý aralygynda geçirildi.