Eziz Watanymyzyň ykdysady taýdan kuwwatly, senagat taýdan ösen ýurtlaryň hataryna goşulmagynda, jemgyýetimiziň intellektual derejesiniň ýokarlanmagynda bilim berk binýat bolup hyzmat edýär. Ýaşlaryň dünýä ölçeglerine laýyk gelýän, ylymly-bilimli, kämil hünärli, giň dünýägaraýyşly nesiller bolup, ähli ugurlar boýunça ösüşlerimize goşant goşmagy üçin giň mümkinçilikler döredilýär.
Arkadagly Serdarymyzyň uly tagallalary netijesinde ýurdumyzda ýaşlar hakynda alnyp barylýan işler barha rowaçlanýar. Häzirki döwürde döwletli Diýarymyzyň ähli ulgamlarynda amala aşyrylýan giň möçberli özgertmelere kalbynda watançylyk söýgüsi gaýnap duran bagtyýar ýaşlarymyz uly goşant goşýarlar.
Hormatly Prezidentimiz: «Biz ýaşlara mümkinçilikleriniň açylmagyna we şahsyýet hökmünde kemala gelmegine kömek bermek üçin ähli şertleri döretmelidiris. Ýaş raýatlara ýaşaýyş jaýlary we bilimleri ele almak elýeterli bolmalydyr» diýip belläp geçýär. Hut şu nukdaýnazardan halkymyzyň milli ýaşaýyş-durmuş ýörelgelerinde Watanyň geljegi hasaplanýan ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemek, olara ynam bildirmek asylly ýörelge hasaplanýar.
Häzirki döwürde ýurdumyzda ýaş nesle mynasyp terbiýe bermek, olaryň sazlaşykly ösmegi, häzirki zaman bilimini ele almagy, öz ukyplaryny we zehinlerini görkezmegi üçin giň mümkinçilikler döredildi. «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyndan» ugur alnyp, ýurdumyzyň bilim ulgamynda daşary ýurt dilleriniň okadylyşyny kämilleşdirmek, bilimiň hilini ýokarlandyrmak, okuw maksatnamalaryny döwrebaplaşdyrmak we mugallymlara usuly kömek bermek maksady bilen usuly-amaly maslahatlar geçirilýär. Ylym-bilim ulgamyna berilýän üns zehinli ýaşlaryň ýüze çykmagynda, bilim ulgamynda täze-täze oýlap tapyşlaryň döremeginde, türkmen ylmynyň halkara derejesinde ykrar edilmeginde oňyn netijeleri berýär. Ýaş nesillere ylym-bilim öwretmegi has-da kämilleşdirmek üçin alnyp barylýan toplumlaýyn işler ýokary netijeleri berýär. Ajaýyp zamanamyzda iň döwrebap okuw usullary ornaşdyrylan, häzirki zamanyň tehniki enjamlary bilen üpjün edilen bilim ojaklarynda bilim-terbiýe alýan ýaş nesiller özlerini bagtyýar duýýarlar. Ähli derslerden gowy okamak, köpçülik işlerine, sport çärelerine işjeň gatnaşmak bilen, döwlet Baştutanymyzyň özleri baradaky aladalaryna mynasyp jogap berýärler.
Daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň konsepsiýasyna laýyklykda, ýöriteleşdirilen umumy bilim berýän mekdepleriň sany barha artýar. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde döwrebap mekdepler gurlup ulanmaga berlip, olar multimediýa tehnologiýalary, lingafon otaglary bilen üpjün edilýär.
Bilim ulgamyny kämilleşdirmek, ony dünýäniň ösen döwletleriniň derejesine çykarmak, sagdyn nesli kemala getirmek döwlet syýasatynyň ileri tutulan ugurlarynyň biridir. Mukaddes Watanymyzyň ertiri bolan bagtyýar ýaşlar şu günümiziň buýsanjy, ertirimiziň daýanjydyr.
Şol sanda biziň Serhet institutymyzda hem talyplaryň döwrebap bilim almagy ugrunda giň tagallalar edilýär. Ýaş harby talyplaryň saýlap alan hünärine, mukaddes harby gulluga çäksiz söýgini terbiýeläp, olarda zähmetsöýerlik, halallyk, hem-de jogapkärçilik duýgularyny, üstünlige bolan çäksiz ynamy kemala getirdi. Harby talyplar döwrebap derejede bilim we terbiýe almaklary üçin döredilip berilýän giň mümkinçilikler üçin Hormatly Belent Serkerdebaşymyza çäksiz hoşallygymyzy bildirýäris.
Ahmet Islamow,
Türkmenistanyň Serhet institutynyň
Daşary ýurt diller kafedrasynyň mugallymy.