TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BIZNES

“KamAZ”-yň täze hyzmat ediş merkezleri açyldy

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda Mary we Lebap welaýatlarynda täze desgalaryň — «KamAZ» kysymly awtoulaglar üçin okuw we tehniki hyzmat merkeziniň açylyş dabaralary geçirildi.

Döwlet düzümleriniň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmek, olaryň maddy-enjamlaýyn üpjünçiligini has-da gowulandyrmak, önümçiligiň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararyna laýyklykda, ýurdumyzyň ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, beýleki edara-kärhanalary «KamAZ FTC Corp. LLP» kompaniýasy bilen “KamAZ” kysymly awtoulaglary hem-de olaryň ätiýaçlyk şaýlaryny tapgyrlaýyn satyn almaga şertnamalary baglaşyp bilýärler.

Hyzmatdaşlyk döwri içinde Türkmenistana şu kysymly dürli ýük ulaglarynyň müňlerçesi getirildi. Kompaniýanyň inženerleri olaryň nusgalaryny yzygiderli kämilleşdirýärler. Häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýän ýük awtoulaglary ýurdumyzyň howa şertlerinde ygtybarly hyzmat edýärler.

«KamAZ» kysymly awtoulaglar üçin okuw we tehniki hyzmat merkezleriniň gurluşygyna Türkmenistanyň Prezidentiniň Buýrugyna laýyklykda, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynda badalga berildi. «KamAZ FTC Corp. LLP» kompaniýasynyň buýurmasy boýunça Mary welaýatynda “Askan” hojalyk jemgyýeti tarapyndan, Lebap welaýatynda bolsa “Awtotrans” hususy kärhanasy tarapyndan gurlan merkezleriň her günde 10 ulaga çenli hyzmat etmegi göz öňünde tutulypdyr.

Täze okuw we tehniki hyzmat merkezleri dolandyryş binasyny, ammary hem-de abatlaýyş işlerini geçirmek üçin bölümi özünde jemleýär. Şeýle-de bu ýerde awtoulaglary ýuwmaga niýetlenen ýer, bassyrmaly awtoduralga hem-de suw saklanýan uly göwrümli howuzlar ýerleşdirildi. Bu toplumlaryň köp bölegi ätiýaçlyk şaýlarynyň ammaryna niýetlenendir. Ätiýaçlyk şaýlarynyň yzygiderli getirilmegi şaýlary gysga wagtda çalyşmaga mümkinçilik berer.

«KamAZ» kysymly awtoulaglar üçin nobatdaky okuw we tehniki hyzmat merkezleriniň ulanmaga berilmegi mynasybetli dabaralara ýurdumyzyň ulag ulgamynyň, «KamAZ FTC Corp. LLP» kompaniýasynyň müdiriýetiniň ýolbaşçylary we hünärmenleri, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşululardyr ýaşlar, medeniýet we sungat işgärleri gatnaşdylar.

Ýene-de okaň

Çawuşogly: Türkmenistan bilen söwda gatnaşyklarymyzy ösdüreris

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Özbegistan demirýol ulgamynda hyzmatdaşlygyny ösdürýär

100 milliard dollar ýitiren ilkinji adam

Teswirle