TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BIZNES

Kamala Harris Waşingtondaky öýüni satdy

ABŞ-nyň wise-prezidenti Kamala Harris Waşingtondaky öýüni 1,85 million dollara satdy. Bu barada öz çeşmesine daýanyp “Forbes” habar berdi.

Meýdany 1730 inedördül metrlik jaýy Harris we onuň adamsy Dug Emhoff 2017-nji ýylda 1,77 million dollara satyn alypdy. Olar jaýy aprel aýynda 1,9 million dollara satuwa çykardylar. Iýul aýynda jaýyň bahasy 1,85 million dollara çenli aşaklady.

Bu Harrisiň wise-prezidentlik döwründe satan ikinji öýi. Mart aýynda San-Fransiskodaky öýüni 860 müň dollara satypdy. Salgyt beýannamalaryna görä, Harris we Emhoff 2020-nji ýylda Prezident Baýden we onuň aýaly Jillden has köp pul gazandy. Baýden 607 müň dollar, Harris we onuň adamsy takmynan 1,7 million dollar gazandy.

11-nji Merkezi Aziýa söwda forumy başlady

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan we Sankt-Peterburg söwda öýlerini açmakçy

“KamAZ”-yň täze hyzmat ediş merkezleri açyldy

Gümrük ulgamynda türkmen-rus hyzmatdaşlygy

Teswirle