TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
ATAWATAN ESERLERİ

Kalp we dünýä şasy

Ynsanyň ýaşaýşa bolan höwesini artdyrýan, daş-töweregi bilen oňat aragatnaşyk saklamagyna ýardam edýän, onuň çagalyk duýgusy bar. Ol duýgy ony aýagy ýerde bolsa-da göwnüni ak bulutlara seýran etdirýär. Ak pamyk mysaly tämiz kalbyna müdimilik ornaýar. Ol duýgy ony mähirli, batyr, adamkärçilikli, maksadaokgunly, erjel edýär. Kimleriň gahrymany, kimleriň bolsa olara gahrymançylyk etmeklerine mümkinçilik berýär. Ol duýgy esasynda ynsan dünýä ak gämide syýahat edýär. Bu gämini üstünde saklaýan meýdan bolsa “Söýgi derýasy” diýip atlandyrylýar. Bu derýada ýola düşen ýolagçy ýoldaky päsgelçiliklerden baş alyp çykmagy päk ýürek esasynda başarýar. Ol diňe özüni däl, daş-töweregini hem goraýar we kömek edýär. Bu duýgynyň astynda dem almak adamyň ömrüni uzaldýar.

Bu duýgy tebigy bolan ýagdaýynda her kime lezzet we gözellik paýlap bilýär. Onuň bilen dünýäň gül açyp, kalbyň tämizlenýär. Tebigy hakykat bolsa mydama gözel görünýär.

Bir gün  baý adam ökde gülçi zenany öz bagyna eltip, “Şu ýeriň näme kemçiligi bar?” diýip sorapdyr. Ol ýer şeýlebir owadan welin durmuşda ýaşamaga bolan höwesiňi artdyrýar. Ondaky dürli reňkler şähdiňi açyp, kalbyňy heýjana salýar. Özüňi jennetde mysaly duýýaň. Daş-töweregine seredip, ähli ýerlere göz gezdiren gülçi zenan ol adama ýüzlenip şeýle diýýär: “ Bu ýer gaty owadan, gözel ýöne bu hakykatdan daş görünýär. Çünki bu ýerde hiç hili gury ýaprak ýok. Eger-de bu ýeriň käbir ýerinde şeýle bolmasa ol tebigylygyny ýitirýär, ýasama oturdylan ýaly görünýär. Durmuşda ýasama zat däl-de tebigy zatlar has göze gelüwli we ömürlik bolýar. Biz islesek, islemesek-de dünýä öz hakykaty bilen gözel görünýär. Ol hakykat bolsa söýginiň kalbyňa ornamagy esasynda ýüze çykýar. Söýgi bar bolan ýüregiň gözi mähirli, dili süýji, sözleri manyly, garaýşy giň, dünýäsi bitin bolýar. Ol garaňkylykdan ýagty meýdan döredip bilýär. Şu görýän gözelliklerimiz hem söýgüniň esasynda emele gelýär we ol duýgynyň adamda döremegine-de mümkinçilik berýär”. Bu sözleri eşiden adam ol zenanyň düşünjesine haýran galypdyr.

Söýgüniň gymmaty onuň ajysyny, süýjüsini bir deň kabul etmekdedir.

Aslynda biziň bu dünýäde barlygymyz söýgüden emele gelýär. Söýgi bu seniň hakyky durmuşda ýaşamagyň, alýan demiňden lezzetli ömri bina etmegiňdir. Söýgi bu hemmä gowy göz bilen seretmek, özgeleriň gözünde beýik ynsan bolmagyňdyr. “Söýgüsiz ýaşaýyş bolarmy?” diýende “bolmaz” diýip jogap bermäge ýaýdanmaň. Çünki bu duýgy bize ene garnynda wagtymyz emele gelýär. Durmuşda söýgi duýgusy ýat ýaly görünýän adamlara ýüzlenmegiňiz mümkin, ýöne olaryňam ömür ýolunyň bir çatrygynda bu duýgy has möwç alan bolmagy ýa-da geljekdäki ätjek ädimleriniň sebäbinde bolmagy ahmal.

Söýgi üçin ädilen ädim geçmiş ýa-da şu gün däl, geljek üçin niýetlener. Ol geçmişde ajaýyp ýatlama, şu günüňde rahatlyk, geljege bolsa çyrag bolar. Ata-enelerimiziň perzentleriniň üstünde kökenek boluşlary, olaryň perzentlerine iýmän-iýdirip, geýmän -geýdirip adam etmekleri ýaşaýşyň döremegine we mundan beýläk-de dowam etmegine sebäp bolan Söýgülerindedir. Bu söýgi ata-ene tarapyndan perzendine jogabyna garaşmazdan berilýän ömründe hiç kimiň berip bilmeýän berk we döwre görä üýtgemeýän uly sowgadydyr. Biri Käbä, biri Kybla deňelýän bu iki mukaddes ynsanyň söýgüsiniň saýasynda her birimiz kälä gelýäris we olaryň doga-dilegleriniň astynda ömür baky howpsuz ýaşaýarys. Ynsan haçanda ömrüne many berjek ynsanlara, tebigata, kärine bolan söýgüsini wagtynda duýup, olara jogap bermäge ýetişen halatynda hakyky bagtyň nämededigine göz ýetirýär.

Söýgüniň jogaby sözden däl, kalpdan alynýar.

Birek –birege bolan duýgynyň aňladylmagy üçin söz derkar däl. Onuň ýekeje bakyşy, mähirli ýylgyrşy, ýeňiljek gaş çytmasy düşnüklidir. Durmuşda maşgala atly mukaddes galanyň içinde ýaşaýan ynsanlar özleriniň mähri, söýgüsi, sylaşygy bilen ol öýe ýaşaýyş bagyşlaýarlar. Ol ýaşaýyş ýöne bir ýaşaýyş däl, onuň bedeni sylaşyk, köki bolsa söýgüden başlanýar. Köküň ýere ornamagy bilen beden has gözelleşýär, berk we beýik bolýar. Asyra barabar ýaşan çynar mysaly ömür sürýär. Kalp sesini eşidip bilýän adamyň durmuşdaky ýaşamaga bolan mümkinçiligi örän uludyr. Ol durmuşda arzuw etmegi we ol arzuwlarynyň wysal bolmagy üçin umyt etmegi başarýar. Bu iki sütüniň amala aşmaly wagtyna çenli sabyrlylyk häsiýetini özünde terbiýeleýär. Ynsan haçanda Kalbynyň sesini diňläp bilen  halatynda  başgalaryň kalbyna aralaşmagy başarýar. Kalbyňy diňlemek bu durmuşda hakyky ýaşaýyşy duýmak, puşmansyz ýaşamak diýmekdir. Haçanda adam puşmansyz ýaşamagy başarsa onuň ýalan dünýädäki hakyky ýaşaýyşy bina edip bildigidir. Arzuw, umyt, sabyr bolsa adamzadyň ýaşamak üçin sebäplerine eltýän ýoludyr. Bize bolsa Kalbymyza arzuw bolup dörän umytlarymyzyň wysal bolmagyna sabyr bilen garaşmak galýar. “Ganatsyz guş bolmaz, adam arzuwsyz”, “Umytly guş käbä ýetmiş”, “Sabyrly gul dura-bara şat bolar” . Hormatly okyjylar bu üç sany atalar sözleri her biriňiziň durmuşyňyza ýörelge, ömrüňize diňe söýgi bagyşlasyn. “Kalbymda eglenen surat” atly goşgymdaky gahryman we onuň bilen bagly durmuş hemmäňize nesip etsin!

                

                   Kalbymda eglenen surat. 

 

Göreçlermi galam edip, çekdim kalbyma keşbiňi,

Dillerime sena edip, aýdyma goşdum adyňy,

Özgelere gyýa bakman, saýladym bir seň yşkyňy,

Hem barlygym, hem arzuwym, sensiň wepaly gözlegim.

 

Arzuwlarym wysal boljak, eger ýazgydymda bolsaň,

Ömrümi saňa baglajak, uzak menzillerden aşsaň,

Durmuş ýoly aňsat däldir, ählisin mertlikde geçseň,

Hem barlygym, hem umydym, sensiň merdana arzuwym.

 

Gaýduwsyzlyk hem mertligiň bolsun geljegmize ýagty,

Adamçylyk hem sylagyň kalbyňda bolsun müdümi,

Dost-ýarlaryň arasynda bolsun häsiýetiň dogumly,

Hem barlygym, hem islegim, sensiň köňlümiň soltany.

 

Söýgüň bilen bina etseň, Täçmahal deýin binany,

Yşkyň bilen ýagty etseň, her ýodamy, her ädimi,

Daşymyzdan seredenler görsünler päklik keşbini,

Hem barlygym, hem arzuwym, söýgümiziň binagäri.

 

Ýodamy ýola öwrüp,gursaň aralyga köpri,

Synasy bolsun ol ýeriň mermer daşlardanam ötri.

Pena bolsun perzentlere guran yşkymyzyň asty,

Hem geljegim, hem guwanjym, duýgularymyň ýolbeledi.

 

Söýgümizi pena edip, guraly biz bir maşgala,

Kaka adyny göterip, bolgun öýmüze baş gala,

Ýüreklermiz daş bolmasyn, duzak düşmesin hiç ara.

Hem hossarym, hem ýoldaşym, durmuşdaky söwer ýarym.

 

Asmandaky bulutlaryň üstünde bolsun jaýymyz,

Öýümize ýagty bersin, gijeki dogan aýymyz.

Bagt, saglyk, agzybirlik, rysgaldan bolsun paýymyz.

Hem geçmişim, hem şu günüm, sensiň bakylyk söýjegim.

Durmuşdaky ähli soraglaryňyzyň jogaplaryny kalpdan almaklyk hemmämize nesip etsin. Çünki bu jogaplar biziň ömrümiziň manysy, ýaşaýşymyzyň altyn açarydyr. Göwün söýen ynsanlaryňyz mydama töweregiňizde bolup, olaryň Size we Siziň olara bolan tebigy we hakyky söýgüňiz Hiç Biriňizi hiç wagt terk etmesin! Kalbyňyzyň we Dünýäniň Şasy bolup ýaşaň!

                                                                            Şaperi Otuzowa, žurnalist.

 

             

 

 

 

 

 

 

 

 

Hormatly okyjylarymyz!

Ýeňijini saýlamaga goşant goş!

Bu eser şeýle hem biziň resmi Instagram hasabymyza ýerleşdirildi. Gök ýazylan ýerden  bäsleşige hödürlenen we saýtymyza ýerleşdirilen ähli eserleri okap bilersiňiz. Şol ýerden bu we beýleki eserleriň biziň Instagram hasabymyzdaky linkine  girip,  şol ýerden  halan eseriňize “like(halanan)” goýup we “teswir” ýazyp, şol  eseriň has köp okalmagyna goşant goşup bilersiňiz!

Siz eger bu eseri halan bolsaňyz, onda, bu eseri (we linkini) özüňiziň IMO, Facebook, Twitter we beýleki hasaplaryňyzdan halk köpçüligine ýetirip bilersiňiz!

Bu tagallaňyz Siziň halan eseriňiziň ýeňiji bolmagyna öz täsirini ýetirer.

                   

 

 

 

 

 

 

 

 

Bäsleşige hödürlenen ähli eserleri okamak üçin gök ýazylan ýere ýa-da aşakdaky suratyň üstüne basyň!

Siziň Söýgüli Setirleriňiz: Ähli Söýgi Eserleri

 

 

Ähli eserleri aňsat okamak üçin Täze Applikasiýa: Ata Watan Türkmenistan applikasiýany özüňiziň Android ulgamly mobil telefonyňyza ýükläň! Ýakyn wagtda IOS ulgamynda hem applikasyýamyz hereket edip başlar. Applikasiýany ýüklemek üçin aşakdaky suratyň üstüne basyň!

 

Peýdaly Maslahat Sahypamyz

Hukuk we beýleki ugurlara degişli peýdaly maslahatlaryň jemlenen sahypasy-peýdaly maslahat sahypasy

Ýene-de okaň

“Ata Watan Eserleri” bäsleşigi üçin minnetdarlyk

Ata Watan Eserleri

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalyna minnetdarlygymyzy bildirýäris

Ýeňijilere baýraklary gowşurylýar

Ata Watan Eserleri

Teswirle