HEKAÝALAR

Käkiloglan (hekaýa)

Baryp-ha Ak işan zamanynda bir bendäniň ogly tapan-tupan keçesini, kilimini bugurçysyna ýükläp, dänä çalyşmak üçin Hywa ugraýar. Öýde diňe oglanyň kakasy bilen heniz kürtedenem çykmadyk gelni galýar. Gün aýlanýar, aý aýlanýar. Ýöne argyşa giden oglandan hiç-hili habar bolmaýar. Ýaman ýeri şol öýde gaýyn atasyndan hemem gelninden başga hiç kim ýok eken. Şeýdip tegelek ýedi ýyl geçýär. Ahyry oglanyň kakasy oglunyň uç-dereksiz ýitendigine, gaýdyp gelmejekdigine gözi ýetensoň oň patasyny alýar.

Şeýdip öýde garry bilen gelin ikisi galyberýär. Günleriň bir günem gelniň hyýalyna şeýle pikir gelýär. Kimiň nesibesinden şeýle ýowuzlyk düşse-de, ol gaýyn atasynyň ykbalyna şeýle ýowuzlygyň düşmezligini isläp nesliniň dowam etmegi üçin ony öýermegiň hyýalynda gezýär.

Oba, il-gün ony oňlaýar hemem oňa Ak işan bilen maslahat etmegini aýdýar. Gelin az ýöräp-köp ýöräp Ak işana öz matlabyny aýdýar. Ak işan gelni diňläp şeýle diýýär.

– Gaýyn ataň näçe ýaşynda?

Gelniň sesi ýuwaşja, ýöne düşnükli eşidilýär.

– 61 – inde.

Ak işan ýene az-kem oýurganyp şeýle diýýär.

– Ol yzyna öwrülende bütin göwresi bilen öwrülýämi ýa-da diňe boýnuny öwürýämi?

Gelin gaýnynyň göwresi bilen öwrülýändigini, käte bolsa boýnuny öwrübem hä diýýändigini aýdýar.

Ak işanyňam soňky gyrnak aýalyndan bolan çagada 61 ýaşynda dünýä gelensoň ol gelne şeýle diýýär.

– Gelin, gowy niýetiň, ýagşy päliň bar. Dünýä ýaşaýşy getirmek – uly sogap. Belki Alla ýalkap, siziň külbäňidede sallançak üwreler. Ýöne sen gyz saýlaňda üç ýaşyna çenli çörek iýmedik gyzy saýlagyn.

Gelin pikirjeň görnüşe geçýär.

  • Işan aga, üç ýaşyna çenli çörek iýmedik gyzy nähili tanap bolar?
  • Çörek iýmedik gyzyň dişi ownujakdyr. Şonuň ýalam aşaky dişi ýetmeli derejesine ýetmän galandyr.

Gelin Ak işandan minnetdar bolup obalaryna gaýdýar. Soň ol üç ýaşyna çenli çörek iýmedik gyzy gözläp kän gezýär. Ahyram oňa goňşy obadan biriniň şeýle gyzynyň bardygyny aýdýarlar.

Gelin gyzyň ejesine bar zady bolşy-bolşy ýaly aýdýar. Gyzyň ejesi Hudaýlyk adam eken. Ol Ak işanyň ady orta düşensoň artykmaç hiç zat gürlemän gyz siziňki diýýar.

Şeýdip aý-gün geçiberýär. Haçan-da täze gelin güýz çiträn ternäni iýesim gelýär diýende gelin begenjini Ak işana aýdýar. Ak işan ony diňläp şeýle diýýär.

  • Gelin oturanda sag egnine agram berip oturýarmy ýa çep egnine?

Gelin onuň sag egnine agram berip oturýanyny aýdýar. Ak işan muňa begenip şeýle diýýär.

  • Gara galpak agtygyň bolar. Tä ol 14 ýaşaýança käkilini syrmaň. Goý oglanjyk käkilli össün…

 

Ak işanyň diýeni bolýar. Gara galpaklyja oglanjyk dünýä inýär. Haçan-da ol bir ýaşanda ýeňsesinde käkil goýup, başy syrylýar. Obada oň adyny Käkiloglan diýip tutýarlar. Haçan-da Käkiloglan 13 ýaşyna ýetende ol oglak bakyp ýörkä dag obalaryň birinden adamlar gelip ony tutup alyp gidýärler. Şeýdip Käkiloglanyň ykbalyna ýowuzlyk aralaşýar. Ol indi ýaş başyndan şol obaň hanynyň öýünde ýesirlikde boluberýär.

Hanyň ýuwka ýürek, dözümsiz enesi bar eken. Ol her gezek ýesir oglany görende onda birhili enelik mähir oýanýar. Käkiloglanyňam aýagy gandally bolsa-da, oň töweregi özi ýaly oglanlardan dolumyş. Ene bir gün ogluna – Hana şeýle diýär.

  • Sen ýesiriňe seret. Oň aýagy gandallam bolsa, obaň oglanynyň barysy oň daşynda. Eger gandalyny aýraýsa bar adamyny töweregine jemlär.

Ýene bir günem ene tamdyrdan çykaran çöregini Käkiloglana uzadýar. Käkiloglan ikirjiňlenýär. Ene oňa şeýle diýýär.

– Ýeri-ýeri, çekinme-de alaý. Men seniň ýesir bolanyň üçin däl-de, ynsan balasydygyň üçin hödür edýän.

Ýene bir gün bolsa ol şeýle sözler bilen Käkiloglana ýüzlenýär.

– Siziň obaňyzyň ýigitleriniň hemmesi sen ýalymy?

Käkiloglan bada-bat jogap berýär.

– Oglanlaryň men ýalymy-däldigini bilemok, ýöne eneleriň barysy siz ýaly dözümsiz.

Ene sözüni dowam edýär.

– Balam, seniň eý görýän zadyň näme?

Käkiloglanyň gözi jöwherlenýär.

  • Bedew atlar hemem halkyň erkinligi.

Ene pikirjeň gürleýär.

  • Oguz hanyňam arzuwy halkyň parahatlygy bolupdyr.

Agşam ene ogly bilen gepleşip, Käkiloglanyň aýagynyň gandalyny aýyrtdyrýar. Şol döwürler Hanyň 8-9 ýaşlaryndaky iň kiçi mirasdüşer ogly hemişe at münmegi gowy görýär. Ol şol günem öz eý görýän atyny gezdirip ýörkä at bir zatdan tebil tapýar-da oglany alyp gaçýar. Muny gören Käkiloglanam teblehanada duran ýalaňaç atlaryň birine atlanyp, onuň yzyndan kowýar. Bu ýagdaýy gören adamlar “Ýesir gaçdy-da, ýesir gaçdy” boluşýarlar. Han gaharly enesine ýüzlenýär.

–  “Gul myrady – gaçmak” diýip men aýtdym-a ene. Sen bolsaň…

Ene parahat gepleýär.

– Meniň ynanjym hiç haçan meni aldamandy, ol häzirem aldamaz. Ynha görersiň.

Ene sözüni gutaryp-gutarmanka Käkiloglan Hanyň mirasdüşerini atyň öňünde oturdyp alyp gelýär.

Käkiloglan sagaman iline gowşandan soň bolan zatlaryň baryny Ak işana gürrüň berýär. Ak işan ony diňläp şeýle diýýär.

–  Oglum, Alla saňa öz nazaryny dikipdir. Seniň ýedi arkaň ýere degmez. Çöp-çör ýaly köpelersiňiz. Zenanlaryňyz ile-güne çörek berjek ogly dünýä berer. Şeýle bir döwür geler, bu topraga maslahat soramaga gelerler.

Ak işanyň diýeni bolýar. Ýekeje oglandan gaýdan nebere çeträp, küren oba bolýar. Soň olar Ahal iline ýaýrap hasam köpelýär. Il-günem olara “Çetränler” diýýär.

S.S (P.S) Hekaýa Ýerbent ýaýlasynda ýaşap geçen 104 ýaşly Mele aganyň gürrüňleri esasynda ýazyldy.

 

                                                                           Öwezmyrat ÝERBENDI.

    

Ýene-de okaň

Gelinsusan (hekaýa)

Entejikler tanyş sesler eşidilewersin: Akgül Saparowa 60 ýaşady

Ata Watan Eserleri

Ak sözen (hekaýa)

Ata Watan Eserleri

Ýowuz gözellik (hekaýa)

Erkek adamyň ysy (hekaýa)

Gurbanlykda (hekaýa)