JEMGYÝET

«Kakamyň ganatlary» filmi 1-nji maýda tomaşaçylara ýetiriler

Her ýylyň 1-nji maýy Türkiýe Respublikasynda Işçiler we zähmet baýramy giň gerimde bellenilip geçilýär. Her ýylda bu şanly senede türk döredijilik işgärleri beýleki pudaklarda zähmet çekýän işçileri begendirmek maksady bilen özleriniň ajaýyp eserlerini döredýärler. Ynha, bu ýyl hem şanly senä bagyşlanyp «Kakamyň ganatlary» atly täze film döredildi.

Stambul şäher häkimligi we Medeniýet bölümi bilen bilelikde «Kakamyň ganatlary»  filmi tomaşaçylara hödürleýär. «Kakamyň ganatlary» filmi agşam sagat 21:30-da YouTube –de tomaşaçylara ýetiriler. Filmde uzak ýyllar bäri gurluşyk pudagynda işçi bolup zähmet çekýän Ibrahimiň durmuşy, onuň maşgalasynda bolup geçýän wakalar beýan edilýär.

«Kakamyň ganatlary» birnäçe film festiwallara hödürlendi we 7 sany baýraklaryň eýesi bolmagy hem başardy.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda syýahatçylyk boýunça halkara maslahat geçiriler

16-njy martda Türkmenistanda ählihalk bag ekmek dabarasy geçiriler

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň 3-nji Antalýa diplomatiýa forumyndaky çykyşy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Antalýa diplomatiýa forumynda çykyş etdi

Ata Watan Eserleri

Türkmen halkynyň Milli Lideri türk işewürleri bilen duşuşdy

Rejep Taýyp Ärdogana Türkmenistanyň “Hormatly il ýaşulusy” diýen hormatly ady dakyldy