TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Kakadylan ananasyň iýmitlik gymmaty

Soňky ýyllarda ýörgünli miweleriň biri bolan ananasyň guradylan görnüşi hem giňden peýdalanyýar. Ananas miwesiniň esasanam gyşda sarp edilýän guradylan miwelere goşulmagy sarp edijilere uly isleg döretdi.

Miwe berkligini ýokarlandyrmak üçin ananasyň kakadylma prosesi ulanylýar. Kakadylma, islendik  iýmiti saklamak üçin ulanylýan iň köne usullaryň biridir. kakadylma prosesi bilen miweleriň uzak wagtlap berkligini saklamaga kömek edýär . Kakadylan miweleri ösdürip we köpeldip bolmaýar. Guradylan ananas suwy çygly ananasyň 80-90% -inden 10-20% -e çenli azaltmak arkaly alynýar we bulardan başga-da guradylan ananasyň köp peýdasy bar.

 Guradylan ananasyň peýdalary:

Içindäki demir komponentleriniň kömegi bilen gury ananas derä tekiz we janly görnüş berýär we düzümindäki kalsiý bilen saçlary, dyrnaklary we süňk saglygyny goldaýan  has güýçli iýmitdir. Guradylan ananasda A witamini köp. Şonuň üçin göz saglygy üçin möhüm ornunyň barlygy aýratyn belläriklidir.

Ondan başgada B witamini hem bardyr. Içindäki C witamini bilen deride kollageniň döremegine peýdaly bolup, garramagy gijikdirýär. Adamyň iýmit siňdiriş ulgamyna peýdaly we içegeleriň has çalt işlemegine mümkinçilik berýär. Şeýlelik bilen, adamdaky artykmaç agramy aýyrmaga hem kömek edýär.

Içindäki bromelainiň kömegi bilen bedeni horlanmagyny ýeňilleşdirýär. Stressi azaltmaga we nerw ulgamyny berkitmäge kömek edýär. Immun ulgamyny güýçlendirýär we adam bedeniniň kesellere garşy göreşmegini ýokarlandyrýar. Aşgazany we içegeleri arassalamak häsiýetine eýedir.

Guradylan ananas, gan aýlanyşyny çaltlaşdyryp, gan basyşyny we gandaky ýagy azaltmakda täsirli. Bedende ýagyň ýygnanmagynyň öňüni alýar we sowuklama ýaly keselleri bejerýär. Beýnä barýan gan ýollaryny arassalaýar we beýniniň gan aýlanyşyny ýokarlandyrýar.

Orazowa Enejan

TOHU-nyň talyby

Hytaýda 5 müň adamlyk halkara karantin merkezi açylar

 

Ýene-de okaň

Ýurdumyzyň dag-magdan senagaty işjeň ösdürilýär

1-nji oktýabr – Ýaşulularyň halkara güni

Ata Watan Eserleri

Milli ykdysadyýetimiziň batly gadamlary

Teswirle