BIZNES

Kaka etrabynda täze dokma toplumy ulanmaga berler

Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda gurlan dokma toplumynyň açylyşyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berildi. Bu barada Ministrler Kabinetiniň mejlisinde bellenilip geçildi.

Meşhur daşary ýurt önüm öndürijileriniň enjamlary bilen üpjün edilen täze, döwrebap dokma toplumy ýylda 3 müň 650 tonna ýüplük, 12 million inedördül metr dürli görnüşli matalary hem-de 1 million 200 müň sany taýýar tikin önümlerini öndürmäge niýetlenendir.

Kärhananyň ulanylmaga tabşyrylmagy bilen, 1 müň 300 täze iş orny dörediler, öndürilýän ekologiýa taýdan arassa, ýokary hilli önümler bolsa ýurdumyzyň içerki bazarynyň sarp edijiligini üpjün etmek bilen birlikde, eksport kuwwatlyklaryny artdyrmaga-da mümkinçilik berer.

 

“Türkmen kaolin” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti dörediler

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky söwda dolanyşygy ep-esli ýokarlandy

Aşgabatda türkmen-mongol işewürlik maslahaty geçirildi

Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasynda göni howa gatnawlary ýola goýlar

Özbegistan bilen Owganystan bilelikde tebigy gaz öndürer

Yrak türkmen gazy üçin Dubaý kompaniýasy bilen şertnama baglaşar

Paýtagtymyzda «OGT-2024» maslahaty geçiriler