TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Kagyzdan bulguryň hekaýasy

Ozalky ministrden maslahatda çykyş etmegi soralypdyr. Ol hem eline kagyzdan ýasalan kofe bulgury bilen münbere çykyp, çykyş etmäge başlaýar. Emma ony kellesindäki başga pikirleriň biynjalyk edýändigi görünmän hem duranokdy.

Entek bir-iki sözlem aýtmanka, kofe bulguryndan bir-iki owurtlap, soňra şol bulgury ýokary galdyryp seredip durdy.

Uludan demini alyp, “Bilýäňizmi näme hakynda pikir edýärin?” diýip sorap, gürrüňe başlaýar.

– Geçen ýyl hem şu maslahatda şu münberde çykyş edipdim. Ýeke-täk tapawudy, geçen ýyl ministrlik wezipäm bardy. Bu ýere gelýärkäm, maňa uçarda “biznes klasdan” petek alnypdy, howa menzilinde ýörite ulag we kabul ediş topary garaşýardy.

Meni ilkibaşda bir myhmanhana ýerleşdirdiler. Myhmanhananyň müdiri meni gapyda garşylap, myhmanhananyň iň kaşaň otagyny beripdi. Ertesi gün maňa myhmanhananyň esasy girelgesinde garaşyp oturan wekiliýet bardy. Men ýene-de ýörite kaşaň ulag bilen maslahatyň geçirilýän ýerine gelipdim. Ýörite girelgeden giripdim. Myhmanlary kabul edilýän otagda maslahatyň başlanýan wagtyna çenli myhman alnypdym we farfordan ýasalan käsede kofe hödür edipdiler.

Soňra meni zala çagyryp, iň öňki orunda oturdypdylar.

Ozalky ministr ýene-de uludan dem alyp, zaldaky maslahata gatnaşyjylara gülüp bakyp, gürrüňini dowam etdirdi.

Bu gezek ministr derejesinde garşylanmadym. Bu ýere öz puluma satyn alan petegim bilen geldim. Howa menzilinde meni garşylamaga gelen adam ýokdy. Myhmanhana taksi ulagy bilen geldim. Myhmanhanada berlen otaga öz bardym. Irden maslahat ýerine taksi bilen geldim.

Gapydaky barlagdan geçdim. Şahsyýetnamany alyp, sanawda adymyň bardygy anyklandy. Maslahat zalynda tapan boş ýerimde oturdym. Kofe içmek isläp, maslahatdan jogapkär işgärleriň birinden soradym. Ol hem daşaryda kofe guýýan enjamyň bardygyny aýtdy. Daşary çykyp, kofe guýýan enjamdan kagyzdan ýasalan bulgura içjek kofemi aldym – diýip, ozalky ministr gürrüň berýär.

Maslahata gatnaşyjylar gülüp başlaýar.

“Geçen ýylky farfor käsesindäki kofe maňa hödürlenmedi diýip pikir edýärin. Ol meniň wezipäme hödür edildi. Bu meniň esasy bulgurym” diýip, çykyş ediji belleýär. Ozalky ministr bu çykyşyna gülüp, el çarpan tomaşaçylara kagyzdan ýasalan bulguryny ýokary galdyryp görkezýär.

El çarpmak şowhuny ýatyşandan soňra ozalky ministr şeýle diýýär.

– Size berip biljek iň gowy sapagym şudyr. Ähli öwgüler, hyzmatlar, artykmaçlyklar siziň wezipäňiz üçindir. Size degişli däldir. Bir gün wezipäňiz tamamlanandan soňra farforly käsede kofe sizden soňky ministre berler. Aslynda siz elmydama kagyzdan ýasalan bulgurlara mynasypsyňyz…

 

                                                                                            

                                                     Internet materiallary esasynda taýýarlandy.

 

 

 

 

Ýene-de okaň

Täjigistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidentini sapar bilen gelmäge çagyrdy

Ata Watan Eserleri

Dalaşgärleri hödürlemek möwsümi başlady

Şu gün – Watan goragçylarynyň güni

Teswirle