TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Kädi siziň öýüňizdäki baý dermanhanajykdyr

Kä­di­niň der­man­lyk hä­si­ýe­ti ba­ra­da me­ge­rem, kö­pü­miz eşiden bol­sak ge­rek. Kä­di­niň dü­zü­min­de uly muk­dar­da ka­ro­to­in­ler bo­lup, onuň ne­ti­je­sin­de, be­de­ni­miz­de A (re­ti­nol) wi­ta­mi­ni dö­re­ýär. Dü­zü­min­de dem­riň uly muk­da­ry­ny sak­la­ýan bu önüm, ga­naz­lyk­dan kö­sen­ýän­ler üçin gym­mat­ly önüm­dir. Şeý­le hem kä­di be­den­den zä­her­li mad­da­la­ry, şlak­la­ry we ar­tyk­maç ho­les­te­rin­le­ri çy­kar­mak­da aý­ra­tyn äh­mi­ýe­te eýe­dir. Şo­nuň üçin kä­di ýü­re­ga­gy­ry­ly­la­ra hem-de be­de­ni­ni ga­lyn­dy­lar­dan aras­sa­la­mak is­le­ýän­le­re ju­da peý­da­ly­dyr. Kä­di dü­zü­min­de ka­li­niň uly muk­da­ry­ny sak­lap, be­den­den su­wuk­ly­gyň çyk­ma­gy­ny tiz­leş­dir­ýär. Kim ýü­re­ga­gy­ry­dan, böw­rek­den, pe­şew ýol­la­ry­nyň nä­saz­ly­gyn­dan ejir çek­ýän bol­sa, kä­di ju­da peý­da­ly­dyr. Kä­di şi­re­si dü­zü­min­de ju­da seý­rek bo­lan T wi­ta­mi­ni­ni sak­lap, ga­nyň dü­zü­mi­ni dur­nuk­laş­dy­ryp, diş­le­riň ga­na­ma­gy­nyň öňü­ni al­ýar. Kä­di­niň dü­zü­min­dä­ki A wi­ta­mi­ni göz­le­riň sag­ly­gy­na ýar­dam be­rip, gör­şü­ňi go­wu­laş­dyr­ýar. Umu­man, kä­di ýa­ra ýa­py­lan­da, aş­ga­za­nyň nem­li bar­da­sy çi­şen­de tiz bi­tir­ýär, kä­di çi­gi­di pros­ta­ti­ti be­jer­mek­de, şi­re­si gör­şü­ňi go­wu­laş­dyr­mak­da ta­pyl­gy­syz önüm­dir. Şu­lar bi­len bir­lik­de kä­di ýo­kum­ly iý­mit­le­riň bi­ri ha­sap­lan­ýar.

Kädi bir ýyllyk ösümlikdir. Onuň baldagy 8 metre çenli uzalyp, köpsanly murtjagazlary bolýar. Kädi iýun-iýul aýlary gülleýär. Onuň gülleri iri we sary bolýar. Kädi sentyabr-oktýabr aýlary ýetişýär. Kädiniň örän köp görnüşleri bolup, onuň miwesi togalak, süýri, agramy 20 kilograma çenli bolup bilýär. Kädiniň eti ýumşak, köplenç mämişi reňkde bolýar. Kädiler maşgalasyna kabaçok, patisson, iri kädi, daş kädi dagylar degişlidir.

Kädi dermanlyk çig malydyr. Onuň çigidi, eti, gülleri we baldagy örän peýdalydyr. Kädi çigidiniň düzüminde ýaglar, beloklar, fitosterin, şepbikler, tebigy turşulyklar, C, Bi witaminleri, karotin bardyr. Ýöne kädi çigidini  kölegede guratmalydyr. Ojagyň üstünde, bugpeçde, açyk günde guradylan çigitler özleriniň şypa berijilik häsiýetlerini ýitirýärler. Guradylan kädi çigitleriniň saklanyş möhleti iki ýyldyr. Kädiniň eti kletçatka we ösümlik şekerleriniň köp görnüşlerine baýdyr. Şeýle-de onuň düzüminde kalsiniň, kaliniň, duzlary, demir we mikroelementler, C, Bi, B2, B5, E, A, PP witaminleri bardyr. Kädi pektinlere baýdyr. Kädiniň mämişi we sary reňkli etindäki karotiniň mukdary käşiriňkiden-de köpdür. Kädi sowuklama garşy, damarlary giňeldiji, köşeşdiriji, maddalaryň çalşygyna ýardam beriji, yara bitiriji ýaly häsiýetlere eýedir. Ol aşgazan-içege ulgamynyň işini gowulandyrýar, peşewiň we ödüň bölünip çykmasyny kadalaşdyrýar. Kädi gurçuklara garşy geçirilýän çärelerde-de gaty peýdalydyr. Ol adam organizminiň duz we suw çalşygyny ýokarlandyrýar, ukyny kadalaşdyrýar. Kädiden inçekesel taýajyklarynyň ösmeginiň öňüni alýan derman serişdeleri taýýarlanylýar. Kädini halk içinde peşew bölüp çykaryjy hökmünde hem giňden ulanýarlar. Ol diňe böwregi däl, eýsem tutuş organizmi arassalaýar. Kädi şypa berijilik häsiýetlere eýe bolmak bilen, ony artygrak iýäýeňde-de zyýany ýokdur. Kädi möwsümi peşew ulgamynyň bozulmalaryndan, ýatdaşlyk bozulmalaryndan (sklerozdan), bogunagyrylardan ejir çekýänler üçin öý şertlerindäki bejeriş-dynç alyş möwsümlerine öwrülýändir.

Kädi ýürek-damar ulgamyndaky näsazlyklaryň netijesinde ýüze çykýan çişmelerde, gan basyşynyň ýokarlanmalarynda, aterosklerozda kömek berýär. Kädi demre baýdyr. Ol ganazlykdan kösenýänler üçin tapylgasyz sowgatdyr. Ýürek-damar kesellerinden ejir çekýänler üçin peşew çykardyjy serişde hökmünde günüň dowamynda kädiniň ýarym kilesini iýmek ýa-da ýarym bulgur şiresini içmek maslahat berilýär. Ony süýtde bişirilen tüwi, dary, manna ýarmalary bilen garyşdyryp iýse bolýar. Kädi ateroskleroz, ýagny ýürek-damar ulgamynyň näsazlyklaryndan kösenýän adamlar üçin-de örän peýdalydyr. Sebäbi kädi pektine örän baýdyr. Pektin adamyň organizminden holesterini çykarmaga ýardam berýär. Kädiniň düzümindäki pektin öt haltasynyň işini gowulandyrýar, ýogyn içegedäki sowuklama ýagdaýlaryny aýyrýar. Kädi aýratyn-da holesistitlerde, holitlerde, böwrek sowuklamalarynda, peşew haltasynyň ýiti we dowamly sowuklamalarynda,  uretritleriň käbir görnüşlerinde peýdalydyr. Ony günde 2 gezek 100 gramdan ýarma (kaşa) görnüşinde iýmek maslahat berilýär. Şeýle-de kädi adam organizindäki artyk suwuklygy bölüp çykarmaga ýardam berýär. Munuň üçin günde kädiniň ýarym kilesini çigligine ýa-da gaýnadyalan, ýa-da bugpeçde taýýarlanan görnüşiniň 2 kilesini iýmek maslahat berilýär. Bu çişleriň köp görnüşlerinde täsirlidir.

Kädi sarygetirme keselini başdan geçirenler üçin gaty peýdalydyr. Sebäbi ol bagryň zäherlere garşy göreşijilik ukybynyň dikeldilmegini tizleşdirýär. Bişirilen ýa-da buglanan kädi bagyrdaky, dalakdaky, durgunlyk ýagdaýlaryny aýyrýar, aşgazan-içege ulgamynyň işini gowulandyrýar, aşgazanyň iýmiti siňdirmegine ýardam berýär. Şoňa görä-de, kädi aşgazan ýarasyndan, ýogyn içegäniň ýaralaryndan, içgatamalardan, kolitlerden ejir çekýänler üçin hem diýseň peýdalydyr. Şu ýagdaýlarda kädi ýarmasyny günde 3 gezek 100-150 gramyny adatdaky naharlardan daşary iýmek maslahat berilýär. Ýöne şu döwürde hamyrmaýaly önümlerinden we süýjüliklerden saklanjak bolmaly. 1:2 gatnaşykda süýtde bişirilen kädi ýarmasy aşgazanyň turşulyk derjesini peseldýändir.

Kädiniň kuwwatlylyk derejesiniň pes bolany üçin, ony organizminde madda çalşygy bozulan, çendenaşa semizlikden ejir çekýänlere iýmek maslahat berilýär. Ol içegäniň işleýşini gowulandyryp, güýçli içgatamalarda peýdalydyr. Organizmdäki artyk duzlaryň, peşewiň bölünip çykmasyny tizleşdirýär. Kädi süýji keselinde, bogunagyralarda tapylgasyz dermandyr.

Kädi gaýnatmasy. Kädiniň gaýnatmasyna balyň goşulyp kabul edilmegi nerw ulgamynyň rahatlanmagyna ýardam berýär. Munuň üçin 200ml kädi gaýnatmasyna 2 n.ç.bal goşup, günde 4 gezek 3 owurtdan içmeli. Bu gaýnatma ukyny kadalaşdyrýar.

Göwreli zenanlaryň aşsaýlama döwründe kädiniň gaýnatmasyna limonyň şiresini goşup berilse, ýürek bulanmalaryny azaldýar.

Kädiniň baldagyndan gaýnadylan gaýnatmany organizmde maddalaryň bozulmalarynyň ýüze çykan ýagdaýynda, böwrek kesellerinde, damar giňeldiji serişde hökmünde, çişleri aýyrmakda maslahat berilýär.

Kädiniň güllerinden gaýnadylan gaýnatma ýaralary bitiriji serişde hökmünde ulanylýar. Süýji keselliler el-aýaklarynda ýaralaryň dörän ýagdaýynda şu gaýnatmany melhem ýapgysy hökmünde ulanýarlar.

Kädi şiresi.Ýatmazdan öň içilen ýarym bulgur kädi şiresi nerw ulgamyny rahatlandyrýar we güýçli uky dermany ýaly täsir edýär. Kädiniň bedendäki artykmaç suwuklyklary bölüp çykarýandygyny nazara alyp, ony bedende suwuklygyň ýygnanma keselinde (wodýankada) ulanýarlar. Bu şiräni dürli çişmelerde, böwrek, bagyr, peşew ýollarynyň kesellerinde hem içýärler. Bir aýyň dowamynda günde  4 gezek 3 owurtdan içilen şire köp böwrek we bagyr kesellerinden saplaýar. Kädi möwsüminde günde 2-3 bulgur kädi şiresiniň içilmegi  içgatamanyň, bagryň, ödüň we öt ýollarynyň, iç ýellenmäniň, gurçuklara garşy göreşmegiň iň oňat usulydyr.

Kädi çigitlerini köp adamlar gowy görýär. Sebäbi olar hakykatdanam tagamly bolýarlar. Ýöne tagam kädi çigidiň esasy gymmatlygy däldir. Düzüminde saklanýan maddalary sebäpli, olar uly adamlaryň we çagalaryň organizimine berkidiji tasir edýärler. Esasy zat – olaryň dogry ulanylyşyny bilmekdir. Kä­di çi­gi­di­niň dü­zümin­de sink bo­lup, pe­şew ýol­la­ry­ny, ödi aras­sa­la­mak­da, de­ri­niň ýag­da­ýy­ny saz­la­mak­da ju­da peý­da­ly­dyr.

Kädi çigitleriň witamin düzümi çig ýa-da açyk howada guradylan kädi çigidi barada gider. Eger – de olar gowurylsa ýa-da howur peçde guradylsa, çigitleriň düzüminde hiç hili peýdaly madda galmaz. Çig kädi çigidiň düzüminde birnäçe witaminler bar. Olar C (askorbin kislotasy), witamin K, B toparyň ähli witaminleri, iýmiti dargatmak we onuň peýdaly elementlerini özleşdirmekde zerur bolan wiasin (B3), göwrelilikden öň we soň, şeýle hem uly adamlaryň we çagalaryň immun sistemasynyň, beýnisiniň gowy işlemekligi we B toparyň ähli witaminlerini özleşdirmegi üçin zerur bolan foliý kislotasy (B9), gowy gan aýlanşygy üçin we damarlaryň diwaryny berkitmeginde möhüm bolan antioksidant tokoferol (E).

Kädi çigitleri.Kädi çigitleri ýüregiň işleýşini gowulandyrýar. Ýürek agyrylaryny peseldýär. Kädi çigitlerinden demlenen çaýy günde 2-3 käseden bir hepdäniň dowamynda kabul etmeli. Bu çaý böwrek kesellerinde oňat kömek edýär. 1 bulgur gaýnag suwa 1 n.ç. owradylan kädi çigidini demlemeli. Ony ýarym sagat demine goýmaly. Kädi çigitleriniň peşew çykardyjy häsiýetleri bolany üçin, ony peşew ulagamynyň kesellerinde we gurçuklaryň bolan ýagdaýynda günde 3 käsesini içmek maslahat berilýär.

Kädi çigitleriniň güýz-gyş möwsümlerinde peýdasy.

Güýz-gyş depressiýalary (çökgünlikleri) hem kädi çigitleriň täsirine durnuksyzdyr. Kädileriň güýz paslynda ýetişýänligi hem ýönelige däldir. Howanyň gyzgyň wagtynyň sowuga üýtgeýän wagty nerw ulgamynyň işiniň bozulmak ähtimallygy ýokarydyr, bu ýagdaýda hem kädi çigitleri bedene kömek berip biler. Gündelik ulanylýan kädi çigitleri pasyl çalşygynda saglyga örän gowy täsirini ýetirip bilýär.

Kädi çigitleri içegeleriň işini kadalaşdyrýar.

Bu kädi çigitlerinde saklanýan kletçakanyň hasabyna amala aşýar. Kletçatka içegeleriniň peristaltikasyny ýokarlandyrýar we içegeleri arassalaýan özboluşly gural hökmünde hyzmat edýär. Dowamly iç gatamalardan ejir çekýan adamlara hem rasionyna gündelik kädi çigidini goşmak maslahat berilýär.

Kädi çigitleriň soguljanlara garşy ulanylyşy.Kädi çigidinde kukurbitin belok saklanýar. Şol sebäpli olaryň soguljanlara garşy täsiri bar. Muny resmi medisina  hem tassyklaýar. Kurkubitin-aminokislotalaryň aýratyn birleşmesi bolup, mugthorlar üçin zäher hökmünde tasir edýar, ýöne adama hiç hili zyýanyny ýetirmeýär.  Emma  bu belok örän ujypsyz mukdarda saklanýar, mundan başgada  ol çigidiň ýadrosynda däl-de, onuň daşyny örtýan ýaşyl gabygynda saklanýar. Şeýlede çigitler termiki işlenilende kukurbitin dargaýar we degişlilikde täsirini ýitirýär. Onuň bejeriş tasirini gazanmak mümkin däl. Hakyky bejeriş netijelilige ýetmeklik üçin diňe gabykly ýa-da ýaşyl daşly, ham (gowrulmadyk) çigitlerden, şeýle-de çaganyň hötdesinden gelip bilmejek mukdaryny almaly. Şeýle-de çigitlerde ýeterlik derejede çagalaryň aşgazan-içege trakty üçin zerur bolan gaty kleçatka saklanýar, emma onuň hem çenden aşa köp mukdary bu ulgamyň işini bozup bilýär.

Kädi çigitleriň zyýany.

Kädi çigitleriň zyýany – kadaly mukdarda ulanylanda kädi çigitleri bilen zäherlenip bolmaýar, olar haýsydyr bir hroniki keseliň ýitileşmegine getirmeýär. Emma aşgazan ýarasynyň ýitileşen döwründe olary çenden aşa köp ulanmak saglyga zeper ýetirip biler. Kädi çigitlerini dişiňde köp mukdarda çaksaň diş syrçasy zaýalanyp bilýär. Kädi çigitleriniň koloriýalylygynyň beýikligi barada hem unutmaly däl. 100 gramm arassalanan kädi çigitlerinde takmynam 550 kkal saklanýar.

Jeren Galandarowa, 

Türkmen oba hojalyk institutynyň

Önümçilik tejribelikleriniň ýolbaşçysy

 

Saglyk Sahypamyz

Global pandemiýa şertlerinde Saglyk ulgamyna degişli habarlar dünýäniň ähli ýerlerinde iň köp okalýan habarlaryň biridir!

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan dörediji döwletdir

Sahnalarda nusgawy eserler

Bitaraplyk – ösüşleriň binýady

Ata Watan Eserleri

Teswirle