TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Jozef Baýden: medeni hyzmatdaşlyk amerikan-türkmen gatnaşyklarynyň özenidir

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Jozef Baýden Türkmenistanyň Prezidentine Nowruz baýramy mynasybetli gutlag hatyny iberdi. Onda hususan-da, medeni hyzmatdaşlygyň amerikan-türkmen gatnaşyklarynyň özeni bolup durýandygy bellenilýär. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilýär.

ABŞ-nyň Prezidentiniň gutlagynda şeýle diýilýär:

– Amerikanyň halkynyň adyndan Sizi we Siziň maşgalaňyzy hem-de ähli türkmen halkyny Nowruz baýramy bilen gutlaýaryn. Medeni hyzmatdaşlyk amerikan-türkmen gatnaşyklarynyň özenidir hem-de biz bu baýramçylyk günlerinde Siziň ýurduňyzyň baý medeni mirasyna uly hormat goýýarys.

Birek-birege hoşallygyň beýan edilýän şu günlerinde 30 ýyldan gowrak döwürde dürli ugurlarda, medeni ulgamda hem-de howanyň üýtgemegi boýunça meseleleri çözmekde ýola goýlan ikitaraplaýyn gatnaşyklarymyz üçin hoşallygymyzy beýan edýaris.

Gatnaşyklarymyzyň berk binýadyna esasplanyp, Merkezi Aziýanyň we dünýä ýurtlarynyň garaşsyzlygyny, özygtyýarlygyny we çäk bitewiligini goldamagy dowam etdirmek bilen, hyzmatdaşlygymyzyň mundna beýläk-de pugtalandyryljakdygyna ynam bildirýäris.

Täze başlangyçlaryň baýramynda ähli türkmen halkynyň röwşen geljeginiň bähbidine bilelikdäki işi dowam etmäge umyt edýäris.

Ýene-de okaň

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak ulgamynyň işgärlerine

Türkmenistanyň Prezidenti Hindistan Respublikasynyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahaty

Teswirle