TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Joşgunly zähmetiň guwandyryjy netijeleri

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletimiziň bagyýarlyk döwründe ýurdumyzyň oba hojalygynda giň möçberli özgertmeler amala aşyrylýar. Oba hojalygynda öňdebaryjy tejribäniň, innowasion tehnologiýalaryň we agrar ylmynyň gazanan netijeleri önümçilige giňden ornaşdyrylýar.

Türkmenistan ykdysady, syýasy we medeni ösüşlere eýe bolýar. Bu gün Türkmenistan dünýäniň ösen döwletleriniň hatarynda tanalýar. Ýurdumyzda öndürilýän ýokary hilli önümler dünýä bazarynda iň geçginli, sarp edijiler tarapyndan uly isleg bildirilýän haryt nusgalaryna öwrülýär. Şonuň ýaly hem Türkmenistanda öndürilýän oba hojalyk önümleriniň göwrümi barha artýar, munuň özi diňe bir ýurdumyzyň azyk garaşsyzlygynyň yzygiderli pugtalandyrmagyny üpjün etmek bilen çäklenmän, Türkmenistanyň milli obasenagat pudagynyň ýokary hilli önümleriniň eksport ugurlaryny giňeltmäge hem niýetlenendir. Soňky ýyllarda döwletimizde durmuşa geçirilýän düýpli özlertmeleriň netijesinde oba hojalygynyň pudaklarynda aýdyň öňegidişlikler gazanyldy.

Döwletimiziň ykdysady ösüş görkezijileriň üstünlikli ýerine ýetirilmegine şu ýagdaýlar düýpli täsir edýär:

  • Ykdysadyýetiň pudaklaryny düzüm taýdan üýtgedip gurmak boýunça giň gerimli çäreleriň üstünlikli berjaý edilmegi;
  • Täze tehnologik gurluşy bolan gaýtadan işleýän önümçilikleriň çalt depginler bilen ösdürilmegi, ylmy-tehniki we intellektual potensialyň işjeňleşdirilmegi, täze tehnologiýalaryň we nanotehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy;
  • Önümçilige gönükdirilýän maýa goýumlaryň artdyrylmagy, esasy maýanyň yzygiderli täzelenilmegi;
  • Ýurtda bazar infrastrukturasynyň ösdürilmegi;
  • Ýokary derejede goşmaça gymmaty bolan önümçilikleriň köpeldilmegi, tehnologik eksportyň netijeli höweslendirilmegi;
  • Býujet ulgamynyň deňeçerliginiň saklanylmagy we onuň hereket edişiniň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagy;

Häzirki döwrüde oba hojalyk işini netijeli alyp barmagyň ylmy taýdan esaslandyrylan ulgamy işlenip düzülendir. Öňdebaryjy tejribeler arkaly durmuşa ornaşdyrylýan, önümiň möçberine görä serişdeleriň we zähmetiň az harçlanmagy bilen köp önüm almaga mümkinçilik berýän guramaçylyk, ykdysady, durmuş, tehnologik çäreler toplumynyň ýerbe-ýer peýdalanylmagy oba hojalyk önümçiligini rejeli guramaga öňyn mümkinçilikleri döredýär.

Oba hojalygynda amala aşyrylýan işleriň netijesinde oba hojalyk önümçiliginiň ykdysady netijeliligi we düşewüntliligi ýokarlanýar. Ýurdumyzyň oba hojalygynda ýeri we suwy rejeli ulanmagyň esasynda oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmegi başarýan daýhanlaryň bolelin we abadan durmuşda ýaşamagy üçin ähli şertler döredilýär.

Önümçilige agrar ylmynyň gazananlaryny we täze tehnologiýalary ornaşdyrmak, ekinleriň täze sortlaryny ekmek, tohumçylyk işini ylmy esasda alyp barmak, önüm öndürijileri suw, oňat hilli tohum, mineral dökünler, zyýankeşlere garşy himiki serişdeler we mehanizmleşdirilen hyzmatlar bilen bökdençsiz üpjün etmek, geçirilmeli agrotehniki çäreleri ýokary hilli ýerine ýetirmek ekinleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmaga ýardam edýär.

Oba hojalygynyň esasy bolan pagtaçylyk pudagynyň ösdürilmegi pagta süýüminden öndürilýän ekologiýa taýdan arassa önümleriň möçberini köpeltmäge, gaýtadan işleýän senagatyň has-da kämilleşmegine mümkinçilik berýär. Gowaçadan ýokary pagta hasylyny almak üçin esasy edilmeli işleriň biri-de topragy agrotehnikanyň kadalaryna laýyk ekişe taýýarlamak we gowaçanyň ýokary hilli tohumyny ulanmak bilen, ekişi talabalaýyk geçirmekdir.

Ekişde ulanylýan tohumyň hili ýaramaz bolsa, ondan gögerip çykan ösümlik göýdük, hasylyň mukdary we hili pes bolýar. Şonuň üçin hem ekişde ulanyljak  tohumynyň sort arassalygy we gögerijiligi Döwlet standartlaryna gabat gelmeli. Oba hojalyk ekinleriniň  tohumy ekişden öň kesellere garşy merkezleşdirilen usulda talabalaýyk dermanlanyp ekiş öz wagtynda kadalaýyk geçirilmeli. Şol talaplary üstünlikli amala aşyrmaklyklygyň hötdesinden gelen zähmetsöýer daýhanlarymyz, bu gün uly sepgitlere ýetdiler.

 

Ogulsuraý Gödekowa,

S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň

uly mugallymy.

 

Taksi sargamakda täze hyzmat

 

Ýene-de okaň

Milli ykdysadyýetiň ösüşli ýoly

Döredijilik işgärleri bilen duşuşyk

Türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň täze derejesi

Teswirle