Ady rowaýata öwrülen basketbolçy Maýkl Jordanyň sport aýakgaby auksionda 2,2 million dollara satyldy. Bu barada sport neşirleri habar berýär.
“Air Jordan 13” Maýkl Jordanyň auksiona çykarylan iň gymmat zatlarynyň biri boldy. “Sotheby’s” auksion öýi ony 2 bilen 4 million dollar aralygynda bahalandyrdy.
Soňky gezek geçirilen auksiondaky satuw Jordanyň auksionda ýadygärlik zatlarynyň gymmat bahadan satylan türgen hökmündäki ornuny berkidipdi. 2021-nji ýylda Jordana degişli “Nike Air Ships” sport aýakgaby 1,47 million dollara satylypdy.
Bu gezek Jordanyň 1997/98-nji ýylyň möwsümiň finalynda geýen aýakgaby “Air Jordan 13” ady bilen auksionda 2,2 million dollara satyldy. Şol ýylky çempionat Jordanyň basketbol durmuşyndaky iň soňky çempionaty bolupdy. Maýkl Jordanyň 37 utuk gazanan duşuşygynda “Çikago Bullz” topary “Ýuta Jazz” toparyny 93-88 hasabynda utup, çempion bolupdy. Bu duşuşygyň esasynda Maýkl Jordana bagyşlanyp, “Soňky tans” atly dokumental film surata düşürilipdi.