TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Joraply ýatmak peýdalymy ýa-da..

Arada tanyşlarymyň arasynda şu sorag bilen bagly biraz çekeleşme ýüze çykdy. Menem bilesigeliji bolanymdanmy ýa ýaş žurnalist bolanymdanmy bilemok, ýöne bu sorag meni hem gyzyklandyrdy. Aslynda kiçiräk wagtlarym joraply ýatsaň, kän dynç alynmaýandygy barada birnäçe gezek eşidipdim. Ýöne gözleglerim bu pikiriň ýalňyşdygyny äşgär etdi. Biziň hemmämizem joraply ýatyp gören bolmaly. Belki-de agşam bolmanam biler, ýöne günortanyna bolup biler. Ýa-da aýdaly ýolda, myhmançylykda joraply uklap gören bolsaňyz gerek. Şeýlelikde joraply ýatmagyň peýdalydygyny ýa-da zyýanlydygy barada internet maglumatlarynda okan zatlarymy siziň hem dykgatyňyza ýetirmek isledim.

Uky her bir adamyň durmuşynda möhüm bir bölegidir. Her bir adam adatça günüň 3-den 1 bölegini ýatyp geçirýär. Çünki lukmanlar ukynyň beýniniň kadaly işlemegi üçin zerurdygyny aýdýarlar.

Joraply uklamagyň peýdasy

2007-nji ýylda geçirilen lukmançylyk gözleg işlerinde jorap geýip ýatan adamlaryň has çalt uklaýandygy habar berildi. Sebäbi adamyň bedeniniň esasy temperaturasy gije peselýär. Adatça adamyň beden temperaturasy 98.6 °F bolýar, ýöne 24 sagadyň dowamynda 2 dereje üýtgäp bilýär. Aýaklary we elleri gyzdyrmak, damarlaryň daralmagyna sebäp bolýar. Bu deriniň üsti bilen ýylylygy bölüp çykarýar we bedeniň esasy temperaturasyny peseltmäge kömek edýär. Bu bolsa, öz gezeginde beýnimiziň ýatmagyň wagtydygyny habar berýär. Geçirilen gözlegler ýyly deriniň has çalt uklamaga ýardam edýändigini görkezýär.

Uky we beden temperaturasy

Adam bedeniniň esasy temperaturasyny “sirkadanyň ritmi” atly biologiki sagat täsir edýär. “Sirkadanyň sag ady” ukynyň wagtyna gözegçilik edýär, adamy gije ukyda gündiz oýa bolmagy ýatladýar. Günüň dowamynda bedeniň gyzgynlygy kem-kemden ýokarlanýar. Gijäniň dowamynda bolsa bedeniň gyzgynlygy peselýär we adam uky talap edip başlaýar. Kimdir biri uklap başlanda, bedeniň gyzgynlygy 1-2 dereje peselýär. Munuň sebäbi hem bedeniň beýleki funksiýalary üçin energiýa tygşytlamagyndadyr. Bedende temperaturanyň kadalaşmagy üçin adatça ýatylýan otaglary 60-77 °F aralygynda saklamak maslahat berilýär. Temperaturany kadalaşdyrmak uklamagyň möhüm bölegidir. Ýatanymyzda jorap geýmek, aýakda gan aýlanyşy ýokarlandyryp, deriniň üsti bilen ýylylygyň ýitmegini ýokarlandyrýar. Bu bolsa bedeniň esasy temperaturasynyň peselmegine kömek edýär. Şeýlelikde, adamyň çalt uklamagyna ýardam edýär.

Nähili jorap saýlamaly?

Hawa, eger-de joraply ýatmak isleseň nähili jorap has amatly diýen sorag hemmelerde döräp biler. Agşam ýatanyňda geýiljek jorap nah matadan dokalan ýa-da ýüplükden örülen bolsa jana rahat bolar. Şeýle hem joraplar gaty uzyn bolmadyk halda adaty joraplardan biraz giň şekilde saýlansa agşam ýatanymyzda rahat ýatmagymyzy üpjün eder. Gysýan joraby agşam ýatanymyzda lukmanyň maslahaty bolmazdan ulanmak maslahat berilmeýär. Joraplar diňe ýatylanda geýlip, ýygy-ýygydan arassalanyp ütüklenmelidir.

Aýak adamyň iň tiz üşeýän organlarynyň biri hasaplanýar. Biz munuň şeýledigine gyş paslynda hem göz ýetirýäris. Şonuň üçin aýaklarymyzyň ýyly saklanmagy biziň saglygymyz üçin hem örän peýdalydyr.

 

Internet maglumatlary esasynda taýýarlan

Çaryguly HANJAÝEW,

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş

uniwersitetiniň žurnalistika hünäriniň talyby.

Söhbetdeşlik Sahypamyz

Ýurdumyzyň sungat ussatlary bilen taýýarlanan bir-birinden gyzykly söhbetdeşlikleri bu sahypamyzdan okap bilersiňiz!

 

 

Ýene-de okaň

Ýaşlar ýurduň geljegi : Baýragyň gutly bolsun!

Baş Redaktor

Oba hojalygy ösüşli menzillerde

Garaşsyzlyk we halkara hukugyň dabaralanmasy

Teswirle