TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
MEDENIÝET

Jonni Depp, Burak Özçiwit Özbegistandaky kinofestiwala gatnaşýar

Ýene-de sanlyja günden Özbegistanda XIV Daşkent halkara kinofestiwaly geçiriler. 13-18-nji sentýabr aralygynda geçirilýän «Ýüpek ýolunyň merjeni» atly festiwala gatnaşmak üçin Aziýadan, Afrikadan we Latyn Amerikasyndan wekiller Özbegistanyň paýtagtyna ýygnanarlar.

Festiwalyň açylyş dabarasyna Takeşi Kitano, Armand Assante, Burak Özçewit, Sergeý Bezrukow, Jonni Depp (onlaýn) we Timur Bekmambetow ýaly kino dünýäsiniň meşhur aktýordyr režissýorlarynyň gatnaşmagyna garaşylýar.

Özbek neşirlerinde habar berlişine görä, bu festiwal barada metbugat duşuşygy geçirildi. Şonda bellenilip geçilişi ýaly, bu festiwala dünýäniň 40-dan gowrak döwletinden 500-e golaý kino sungatynyň wekilleri Özbegistanda myhmançylykda bolar.

Halkara festiwalyň çäklerinde 150 çeper film, dokumental film we gysga göwrümli filmler görkeziler. Bu görkeziljek filmleriň agramly bölegi dürli halkara kinofestiwallarda baýrakly orunlary eýelän filmlerdir.

Festiwalyň çäklerinde kino önümçiligi, bilim, kinolaryň tanyşdyrylyşy, filmleriň surata düşüriliş pursatlary ýaly 20-den gowrak dürli çäreleri geçirmek göz öňünde tutuldy.

Guramaçylaryň bellemegine görä, kinofestiwalyň çäklerinde ŞHG ýurtlarynyň kino günleri, dünýä kinolarynyň güni, dokumental kinolaryň güni, retrokino günleri, Özbegistanyň kino günleri, TÜRKSOÝ guramasynyň kino forumy ýaly birnäçe çäreleri guramak meýilleşdirildi.

Dünýä kino günleriniň çäginde Aziýanyň, Amerikanyň we Ýewropanyň 22 ýurdy iň gowy filmlerini görkezer: Azerbaýjan, Alžir, Ermenistan, Belarus, Beýik Britaniýa, Germaniýa, Gruziýa, Müsür, Ysraýyl, Eýran, Italiýa, Malaýziýa, Moldowa, Mongoliýa, Polşa, Rumyniýa, Türkmenistan, Türkiýe, Fransiýa, Estoniýa, Günorta Koreýa, Ýaponiýa ýaly ýurtlaryň kinolaryna tomaşa etmek mümkinçiligi döredilýär.

 

 

Ýene-de okaň

Döwlet baýraklarynyň eýelerine söz berýäris

“Senetçilik we amaly-haşam sungaty dünýä halklarynyň mirasynda” atly halkara festiwaly geçiriler

Ata Watan Eserleri

Russiýanyň «Ural» tans toparynyň Türkmenistandaky ilkinji çykyşy

Teswirle