JEMGYÝET

JICA Ýolbaşçysy bilen duşuşyk

2018-nji ýylyň 13-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada CAREC-yň 17-nji Ministrler maslahatyna gatnaşmaga gelen Ýaponiýanyň Halkara Hyzmatdaşlyk Agentliginiň (JICA) Merkezi Aziýa we Kawkaz ýurtlary boýunça departamentiniň baş direktory Koji Fujiýanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň barşynda hyzmatdaş ýurtlaryň ýapon tejribesinden ugur alyp bilim almakda peýda bolýan JICA-nyň wezipesini ýerine ýetirmek boýunça okuw taslamalarynyň wajypdygy bellenildi. Ykdysady we durmuş ulgamynyň dürli ugurlary boýunça hünärmenleri taýýarlamak üçin geçirilýän okuwlaryň netijeliligi nygtalyp geçildi.

Mundan başga-da, taraplar oba hojalyk hem-de saglygy goraýyş ulgamlarynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryny mundan beýläk hem ösdürmegiň ähmiýetlerini ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle hem Türkmenistandaky durmuşa geçirilýän taslamalara gatnaşmak boýunça özara pikir alyşdylar.

Ýene-de okaň

Kaliforniýa uniwersitetiniň ALSA-nyň Prezidentligine Türkmenistanly hukukçy saýlandy

Baş Redaktor

Türkmenistanyň Prezidentiniň täze kitaby Moskwa şäherinde tanyşdyryldy

“Galkan” topary finalda Tatarystanyň topary bilen duşuşar

Ata Watan Eserleri

Angola Türkmenistana täze ilçi belledi

Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-de durnukly ulag boýunça ýokary derejeli duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň “Galkan” topary finala çykdy

Ata Watan Eserleri