TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
TEHNOLOGIÝA

“Jeýms Webb” kosmos teleskopynyň Gün galkany doly açyldy

“NASA” kompaniýasy tarapyndan kosmosdaky ýaşaýşy kesgitlemek üçin uçurylan 10 milliard dollarlyk “Jeýms Webb” teleskopynyň Gün galkanlary doly açyldy. ABŞ awiasiýa we kosmos gullugy, “Jeýms Webb” kosmos teleskopynyň tennis kort ölçegindäki Gün galkanynyň doly açylandygyny habar berdi. Uzynlygy 21 metr bolan uçar şekilli enjam, teleskopyň gurallaryny kölegede saklap, saýawan hökmünde hereket edýär.

Şeýlelik bilen, uzak nokatlardan gowşak infragyzyl signallary ýüze çykaryp bolýar. Gün galkanynda jemi 5 gatlak iki günüň dowamynda birin-birin açyldy. Gatlaklar 1 million SPF (Gün goraýjy faktor) üpjün etmek üçin bilelikde işleýär.

“Jeýms Webb” teleskopynyň gözegçilik wagtynyň 50 göteriminden gowragyny düzjek iki sany esasy ylmy tabşyrygy bar. Ilki bilen, uly partlamadan birnäçe ýüz million ýyl soň görner we kosmiki taryhyň iň irki döwürlerini öwrener. Ilkinji ýyldyzlaryň we galaktikalaryň nädip emele gelendigi we wagtyň geçmegi bilen nähili ösendigi syn ediler.

Ikinji esasy maksat, gün ulgamynyň daşyndaky planetalary aňladýan ekzoplanetleriň tapylmagydyr. Mundan başga-da, bu planetalaryň atmosferasy öwreniler we ýaşaýyş üçin mümkinçilikler öwreniler. “Jeýms Webb” teleskopy bilen älemiň uzak burçlaryndan öň synlap bolmaýan suratlar alnar.

“Jeýms Webb” teleskopy, ösen optiki enjamlary sebäpli takmynan 13,7 milliard ýyl ozal älemiň döremegine sebäp bolan “Uly partlamadan” 200 million ýyl soň älemiň ýagdaýyny gözden geçirip biler. Kosmos teleskopy, häzirki zaman gurallaryny we älemde ilkinji ýyldyzlaryň şöhle saçmagyny görmek üçin ullakan aýnany ulanar. Şeýle hem “Jeýms Webb” täze açylan planetalaryň köpüsiniň atmosferasynyň ýaşaýyş üçin laýykdygyny ýa-da ýokdugyny seljermek ukybyna eýe bolar. “Jeýms Webb” teleskopy “Hubble”-den tapawutlylykda, ýerden 1,6 million kilometr uzaklykda Günüň daşyndan aýlanar. 2,4 metr giňlikdäki aýnasy bolan “Hubble” kosmos teleskopy, 1990-njy ýyldan bäri ýeriň orbitasynda kosmos gözegçiliklerini amala aşyrýar.

 

Türkmen gazy Eýranyň üsti bilen Azerbaýjana iberilip başlandy

 

Ýene-de okaň

AŞTU-dan täze hyzmat: IP we internet hasabyňy onlaýn öwrenmek

Täze “Moskwiç” ulagynyň önümçiligine başlandy

Ata Watan Eserleri

Dünýäniň iň uly ýahtasy gurlar

Teswirle