DÜNÝÄ

Jewdet Ýylmaz: türkmen gazy Ýewropanyň energetika howpsuzlygy babatda ähmiýetli

Azerbaýjanyň Şuşa şäherinde Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl duşuşygy geçirildi. Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýewiň başlyklyk etmeginde geçirilen duşuşyga Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Türkiýäniň wise-prezidenti Jewdet Ýylmaz, Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orban, Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretary Kubaynçbek Ömüraliýew gatnaşdy.

Resmi däl duşuşykda gurama agza döwletleriň arasynda ulag-aragatnaşyk, energetika, howanyň üýtgemegine garşy göreşmek ýaly ugurlardaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ara alynp maslahatlaşyldy.

Türkiýäniň wise-prezidenti Jewdet Ýylmaz öz çykyşynda guramanyň çägindäki energetika hyzmatdaşlygy barada durup geçip, energetika mehanizmleriniň döredilmeginiň ähmiýetini belledi.

Ol Türkmenistanyň tebigy gazynyň Türkiýä we Ýewropa iberilmeginiň hem Türkiýäniň hem-de Ýewropanyň energetika howpsuzlygy babatda uly goşant boljakdygyny belledi.

Şunuň bilen baglylykda, wise-prezident Jewdet Ýylmaz Türki Döwletleriň Guramasynyň çäklerinde energeitka mehanizmleriniň döredilmeginden hoşaldyklaryny belläp, bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge goldaw bermäge taýýardyklaryny aýtdy.

Şeýle hem gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri, energiýa tygşytlylygy, energiýa bazarynyň utgaşdyrylmagy ýaly ugurlarda gurama agza döwletler bilen tejribeleriň paýlaşylmagyna taýýardyklaryny belläp geçdi.

 

Ýene-de okaň

“Atawatan Media” topary ABŞ-da ýelkenli sport ýaryşyny tomaşa etdi

Türkiýe Respublikasynyň demokratiýa we milli jebislik güni Aşgabatda bellendi

Aşgabatda Fransiýanyň milli güni bellenildi

Prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda

Türkmenistan bilen Türkiýe Ýewropa bazaryna girmek mümkinçiliklerini maslahatlaşdy

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň daşary işler ministriniň orunbasary bilen duşuşdy