Jemi 43 baýrak: Bäsleşigiň ýeňijileri belli boldy

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň  https://www.atavatan-turkmenistan.com saýtynyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli gurnan  “Ata Watan Eserler”  döredijilik bäsleşiginiň nobatdakysy jemlendi.

Ýaryşa hödürlenen eserlerden ýeňiji kesgitlenende bäsleşigiň şertine laýyklykda, saýtymyzdaky şol eseriň “okalan” sany 70 göterim täsir eden bolsa, “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň resmi “Instagram” sahypasyndaky şol eseriň “halanan” sany 30 göterim täsir etdi.

Bäsleşigiň ýeňijilerini kesgitlemegiň usulyna laýyklykda, “Google Analytic” maglumatlaryny esasynda “okama” sanynyň şol maglumatlardaky şol eser üçin saýtda geçirilen ortaça wagta köpeltmegiň jemi hasaba alyndy.

Basleşigimiz boýunça baýrak gowşurylyş dabarasy geçirilmeýär we ýeňijiler 2020-nji ýylyň Dekabr aýynyň 21-inden başlap, 12 aýyň dowamynda baýraklaryny Aşgabat şäherinde alyp bilerler. Baýraklary 31.12.2021 senesine çenli alyp bilersiňiz! Baýraklary almak üçin atawataneserleri@gmail.com elektron poçtasy hem-de +993 62 88 02 63 telefon belgisi bilen habarlaşyp bilersiňiz.

Makul Sözlük: Täze baýraklar hödürleýär

Mälim bolşy ýaly, ýaňy-ýakynda saýtymyz tarapyndan taýýarlanylan Türkmen dilinde “gepleýän” ilkinji Türkmençe-Iňlisçe sözlük – Makul Sözlük hyzmata girdi. Siz täze sözlük bilen tanyşmak üçin aşakdaky suratyň üstüne basyň!

Internet ulgamynda www.makulsozluk.com domaini bilen hereket edýän sanly we sesli Akylly sözlük taslamasynyň esaslandyryjylary “Ata Watan Eserleri”  bäsleşigine gatnaşan eserleriň örän gymmatly eserlerdigini hasaba alyp her biri 300 manatlyk jemi 3 sany baýrak hödürleýär. Baýraklar boýunça ýeňijiler kesgitlenende şol eseriň “ortaça okalan wagty” göz öňüne tutulýar. Ýagny ilkinji 25-lige girmedik we eminleriň saýlan 12 eseriň arasynda bolmaýan, emma, “Google Analytic” maglumatlaryny esasynda “ortaça okalan wagty” boýunça ýokary derejede durýan 3 eser ýeňiji diýip  yglan edilýär. Bellemeli zat, ilkinji 25-lige giren eserler arasynda “ortaça okalan wagty”  has ýokary bolan eserler bar. Emma ol eserler baýrakly orunlar eýeländigi üçin “ortaça okalan wagty” boýunça sanawda hasaba alynmady.

Türkmenistanlylar Raýdaşlyk jemgyýeti: Türkiýedäki talyplara baýraklar

Hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli “Söýgi – durmuşyň özeni” atly döredijilik bäsleşigimize 165 eser hödürlendi. Diňe ýurdumyzdan däl, eýsem dünýäniň beýleki ýurtlarynda bilim alýan raýatlarymyzyň hem gatnaşmagynda geçirilen bäsleşigimiz giň okyjylar köpçüliginde uly gyzyklanma döretdi. Türkiýäniň Stambul şäherinde hereket edýän Türkmenistanlylar Raýdaşlyk jemgyýeti Türkiýede bilim alýan köp sanly Türkmen talybynyň bäsleşigimize gatnaşandygyny hasaba alyp bäsleşigiň şertlerine görä, baýrakly orunlar eýeläp bilmedik, emma, täsirli 3 sany baýrakly orun hödürleýär. Şonda, bu baýrakly orunlara Türkiýede bilim alýan Türkmenistanyň raýatynyň ýazan eserleri eýe bolar. Ýeňijiniň her birine 100,00 Türk lirasy gowşurylar. Siz Türkmenistanlylar Raýdaşlyk jemgyýetiniň Türkiýede alyp barýan işleri bilen tanyşmak isleseňiz, onda şu ýere basyň!

Atavatan Applikasiýasy :Goşmaça 12 Baýrak

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň  www.atavatan-turkmenistan.com   saýtynyň ýakynda hyzmata giren Android ulgamynda işleýän Applikasiýasy  bäsleşige köp sanly örän gymmatly eserleriň gelendigini  hasaba alyp, bäsleşigiň şertleri sebäpli ilkinji 25-lige girip bilmedik emma örän täsirli  beýleki 12 eseriň awtorynyň her birine 300 manatlyk goşmaça baýrak gowşurylar. Eminler 12 baýragy Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 12-nji aýyň 12-sine bellenilýändigi hasaba alyp bellediler.  Siz biziň Android ulgamynda işleýän Applikasyýamyzy şu ýere basyp, özüňiziň mobil telefonyňyza ýükläp ähli habarlary aňsatlyk bilen okap bilersiňiz! Eger Siz bu habary kompýuteriň üsti bilen okaýan bolsaňyz, el telefonyňyzyň Google Plaý dükanyndan “Atavatan Turkmenistan” ýazyp biziň Applikasyýamyzy indirip mugt alyp bilersiňiz!

“Makul Sözlük” Baýragy boýunça ýeňijiler

Bu baýraklar her bir awtora 300,00 manat we “Makul Hyzmat” Terjime merkeziniň sowgatly ýantorbasyndan ybaratdyr. Awtorlar hormat haty  bilen hem sylaglanar. Baýraklar awtoryň özüne Aşgabat şäherinde gowşurylýar. Baýraklary 2021-nji ýylyň dekabr aýynyň 31-ne çenli alyp bilersiňiz!

 

  1. Sapa Hommadow – “Ejeme ugratmajak hatym”
  2. Güýçnazar Täşliýew – “Hiňňillikde körän yşk”
  3. Isadurdy Gylyjow – “Watan söýgüsi – ýüreklerde bakydyr”

 

Atavatan Applikasiýasy” Baýragy boýunça  ýeňijiler

Bu baýraklar her bir awtora 300,00 manat we “Makul Hyzmat” Terjime merkeziniň sowgatly ýantorbasyndan ybaratdyr. Awtorlar hormat haty  bilen hem sylaglanar. Baýraklar Awtoryň özüne Aşgabat şäherinde gowşurylýar. Baýraklary 2021-nji ýylyň dekabr aýynyň 31-ne çenli alyp bilersiňiz!

  1. Goçmyrat Orazberdiýew – “Bir gülüň yşgynda”
  2. Jumageldi Mülkiýew – “Bir garyş gamyş”
  3. Rahmanberdi Gökleňow – “Söýgi – durmuşyň özeni”
  4. Tawus Kakaýewa –“Pişijek bilen gyzjagazyň gürrüňi”
  5. Öwezmyrat Ýerbendi – “Aýal”
  6. Aýsenem Gurbanowa – “Barlygyňda baýdyryn”
  7. Käbe Sarenko – “Sen gelersiň, gelersiň sen men diýip…”
  8. Ogulgözel Şagulyýewa – “Ýakymly pursatlar”
  9. Ogulnur Ataýewa –“Ýolda galan günler”
  10. Dursun Tekäýewa –“Söýgi dünýäniň sallançagydyr”
  11. Maral Akmyradowa – “Ata mähri”
  12. Gurbanmämmet Ýegenmyradow –“Kaka, ejem nirede?”

 

Türkmenistanlylar Raýdaşlyk Jemgyýeti: Baýrakly orunlar

Bu baýraklar her bir awtora 100,00 Türk lirasy we “Makul Hyzmat” Terjime merkeziniň sowgatly ýantorbasyndan ybaratdyr. Awtorlar hormat haty  bilen hem sylaglanar. Pul baýraklary awtoryň özüniň bank hasaplaşyk hasabyna ýatyrylar. Beýleki baýraklary 2021-nji ýylyň dekabr aýynyň 31-ne çenli alyp bilersiňiz! Siz Türkmenistanlylar Raýdaşlyk jemgyýetiniň Türkiýede alyp barýan işleri bilen tanyşmak isleseňiz, onda şu ýere basyň!

  1. Kyýas Narmamedow – “Ellanyñ hekaýasy”
  2. Gunça Joraýewa – “Söýgi – Duýgulañ şasy”
  3. Zeýnep Geldimyradowa – “Başa barmadyk söýgi”

Ilkinji 25 Eser: Esasy Baýraklar

Bäsleşigimiz  “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” ýylynda ýurdumyzda we dünýä jemgyýetçiliginde giňden bellenilýän Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli gurnalýandygy  sebäpli bäsleşigimizde jemi 25 sany baýrak ýeňijilere garaşýar.

Okap bilersiňiz  Pişijek bilen gyzjagazyň gürrüňi

Bu orunlar boýunça baýraklar aşakda aýratyn berilýär. Awtorlar hormat haty  bilen hem sylaglanar. Şeýle hem bu orunlaryň her birine goşmaça “Makul Hyzmat” Terjime merkeziniň sowgatly ýantorbasy berilýär. Baýraklar  Stambul şäherinde ýerleşýän we Türkiýede  bilim almak isleýän talyplara okuw maslahatlaryny we terjime hyzmatlaryny berýän  “Atavatan Danışmanlık Yayıncılık, Tercüme, Turizm ve Bilişim Ltd Şti” türk kompaniýasynyň hemaýatkärliginde taýýarlanyldy. Siz Atavatan Danışmanlık LTD barada giňişleýin maglumat almak isleseňiz onda şu ýere basyň!

Baýraklar Awtoryň özüne Aşgabat şäherinde gowşurulýar. Baýraklary 2021-nji ýylyň dekabr aýynyň 31-ne çenli alyp bilersiňiz!

  1. Gülälek Söýeşowa – “Söýgi bilen ýetilen sepgit” Baş baýrak: Samsung Galaxy Watch 46 mm akylly sagat

2. Lälezar Bekmuradowa –“Bagt ýolum, baýragy”:RedMi Note 8 akylly telefon

3. Oguljennet Çaryýewa – “Baky ýaşarlar, baýragy”: 2.500,00 Manat

4. Anželika Adakaýewa – “Söýgi-durmuşyñ özeni”: baýragy 2250,00 manat

5. Saparnepes Atabaýew – “Aşgabatda” öwsen Buenos-Aýres şemaly”: baýragy 2000,00 manat

6. Gülbahar Atadurdyýewa – “Watana, mertebä söýgi beýany”: baýragy Samsung Core A01 akylly telefon

7. Şasenem Mürriýewa – “Söýgi – durmuşyň özeni”: baýragy 1900,00 manat

8. Şeker Arazberdiýewa – “Gizlin söýgi”: baýragy 1800,00 manat

9. Bagtygül Ernazarowa – “Söýgi”: baýragy 1700,00 manat

10. Eziz Tatarow – “Ýagty durmuşa bolan ýagşy umyt: baýragy 1600,00 manat

11. Nurgeldi Ilgeldiýew – “Enäniň söýgüsi—sönmez ýyldyzdyr”: baýragy, 1500,00 manat

12. Aýmyrat Hudayberdiýew – “Söýgi gudraty”: baýragy 1400,00 manat

13. Şatlyk Silapow – “Seniň özüň nähili hereket edýärsiň?!”: baýragy Mikrotolkunly peç (OSCAR marka)

14. Sylap Sylapow – “Ýeňişleriň has ulusynyň öňdedigine ynanýaryn”: baýragy 1300,00 manat

15. Laçyn Atabaýewa – “Ene söýgüsi”: baýragy 1200,00 manat

16. Dawut Myradow – “Bizde…”: baýragy 1100,00 manat

17. Sapa Pirnazarow – “Yşk oduny ýakan gözler”: baýragy 1000,00 manat

18. Baýramgül Ödeşowa –“Söýgi hakda oýlanmalar”: baýragy 900,00 manat

19. Orazjemal Orazowa – “Goşa çynar”: baýragy 800,00 manat

20. Ogultäç Oraztaganowa – “Ol muny duýmandy…”: baýragy 700,00 manat

21. Humaý Mämmedowa, “Gülnar daýzaň agtygy”: baýragy Kabelsiz gulaklyk (nauşnik Redmi AirDots marka)

 

22. Baýramsoltan Ilgeldiýewa – “Söýgüniň üç görnüşi”: baýragy 600,00 manat

23. Jemal Ýalkabowa – “Tekepbir bol çykyp bolmaz gaýa dek”: baýragy 500,00 manat

24. Doýduk Gujiýewa – “Hawa, meniň adym Doýduk”: baýragy Charger Powerbank (ýan güýç beriji VIAKING Cable-Car-Charger PowerBank)

25. Akmuhammmet Gurbanow – “Söýgüniň güýji gözdedir”: baýragy 250,00 manat

 

“Makul Hyzmat” Terjime Merkeziniň höweslendiriji baýraklary

Makul Hyzmat Terjime ýantorba

Öň yglan edişimiz ýaly, baýrakly orunlara girmedik, ilkinji 50 eseriň awtoryna “Makul Hyzmat” Terjime merkeziniň sowgatly ýantorbasy berilýär.

  1. Güljemal Ilgeldiýewa – “Hakyky söýgi”
  2. Kyýas Narmamedow – “Ellanyñ hekaýasy”
  3. Ilgeldiýew Döwletgeldi – “Ölmez söýgi”
  4. Ogultäç Atamedowa – “Alçy gopan aşyk”
  5. Akmaral Handurdyýewa – “Söýmek, söýülmek- iň elýetmez bagt”
  6. Rahym Begenjow – “Dostluk”
  7. Aýgül Nurlyýewa – “Ýiti gyzyl tiz solar”
  8. Atamyrat Şagulyýew – “Bagtyň güneşi”
  9. Rana Gaýlyýewa – “Sahypalara sygmadyk söýgi”
  10. Merettäç Sopyýewa – “Gül”
  11. Rozygül Durdyýewa – “Söýgi satylmaýar”
  12. Gurbanbagt Nuryýewa – “Watan-başymyzyň täji”
  13. Amansoltan Jumaýewa – “Kakam hakda ýatlama….”
  14. Baky Nurmuhammedow – “Söýgi bu üstünligiň gözbaşy”
  15. Mekan Bäşimow – “Söýgi synagy”
  16. Aknur Ataýewa – “Soňsuz söýgüniň sakasy”
  17. Ajap Rejepowa – “Aýtmasy kyn bolan “üç söz”
  18. Serdar Muhanow – “Iň eziz söýgi näme?”
  19. Toýly Jänädow – “Söýgä nazaryýet – ylmy amalyýet”
  20. Mukaddes Almazowa – “Ýürekdäki perişdäm sen – Ejemjan”
  21. Abdy Kadyrow – “Kalp söýgisi duýgudan, kämil söýgi akyldan hem kalpdan”
  22. Aýnur Semetowa – “Watan nireden başlanýar!”
  23. Maksat Haraýmanow – “Söýgi synaglary”
  24. Meýlis Gurbangeldiýew – “Tötänleýin duşuşyk”
  25. Begnazar Atanyýazow – “Hakyky söýgi we onuň döremegine sebäp bolýan zatlar”
  26. Ejekgül Çerkezowa – “Ene söýgüniň janly tymsaly”
  27. Sona Komekowa – “Söýgi täsirli derman”
  28. Sona Halykowa – “Söýgini güýjeden aýralyk”
  29. Myrat Tatow – “Söýgi gizläp bolmaýan duýgy!!!”
  30. Bägül Baýramowa – “Iki men”
  31. Jeren Gurtjanowa – “Ene yüregimiñ sesi…”
  32. Kerwen Ýowyýew – “Adamy ýaşadýan söýgi”
  33. Aýlar Atajykowa – “Watana bolan söýgi mukaddesdir”
  34. Bägül Dawliýewa – “Söýgüniň güýji we ölmeýän söýgi”
  35. Gunça Orazowa – “Soňky duralga”
  36. Mamajan Gurbanýazowa – “Oguzhandan gaýdýan keremli toprak, saňa ýetmek üçin urýar bu gursak!”
  37. Kerwen Nagymgylyjow – “Depderçedäki durmuş”
  38. Gunça Joraýewa – “Söýgi – Duýgulañ şasy”
  39. Ogulnur Pirjikowa – “Söýginiň syrly sandygyndan”
  40. Allanazar Jumaýew – “Garaşmak”
  41. Nagyma Osmanowa – “Ýetilmedik söýgi”
  42. Wepa Pirnepesow – “Çapar”
  43. Seýli Aryşow – “Ene söýgüsi”
  44. Gurbanguly Orazgulyýew – “Meniň Barym Watan”
  45. Öwezgeldi Ataýew – “Söýgüniň gadryny biliň!”
  46. Zeýnep Geldimyradowa – “Başa barmadyk söýgi”
  47. Leýli Arazgeldiýewa – “Söýgi – durmuşyň özeni”
  48. Humaý Çaryýewa – “Söýmek söýülmek bagty”
  49. Așyr Gurbangeldiýew – “Lifizm – liriki filosofiýa”
  50. Altynjemal Rahmanowa – “Çyn söýgüniň yhlasy”

Gyzykly bolup biler:

Türkmenabat-Stambul ugry boýunça ýörite uçar gatnawy meýilleşdirilýär

Ýakymly ýatlama: Žurnalymyz BMG Resmi Twitter hasabynda