JEMGYÝET

Jeki Çan 66 ýaşady

Dünýä belli aktýor Jeki Çan 66 ýaşady. Ony doglan güni bilen hindistanly janköýerleri we bu ýurduň meşhur şahsyýetleri gutladylar. Aktrisa Dişa Patani bilen birlikde hindi muşdaklary we meşhurlary hytaýly meşhur ýyldyzy Jeki Çany 66 ýaşy bilen gutladylar.

Bir döwür “Kung Fu Ýoga” atly komediýa filminde Jeki Çan bilen bilelikde baş keşbi janlandyran Patani özüniň “Instagram” jemgyýetçilik torundaky hasabyndan şeýle beýanat bilen çykyş etdi: “Iň bagtly gün taguuu. Bu siziň bilen ilkinji gezek duşuşan günüm ýadyma düşýär. Ol hem durmuşymyň iň gowy güni boldy. “Super gahrymanym” bilen işleşmäge pursat tapmak meniň üçin bolup geçen iň gowy zat…”.

Metbugatdaky maglumatlara görä, zehinli hindi aktýory Aamir Han hem Çana hormat goýýandygyny we minnetdarlygyny bildirip, Çanyň iň gowy görýän ýyldyzydygyny we onuň ähli filmlerini ähli filmlerine tomaşa edendigini belläp geçdi.

“Hindi halky filme tomaşa edende güýmenjä has köp üns berýärler. Jeki Çan Hytaýyň söweş sungatyny gülküli ýagdaýda ýerine ýetirmegi başarýar” – diýip, Jeki Çanyň hindi muşdaklary ony özleriniň gahrymany hasaplap, hytaý dilini öwrenmek isleýändigini belläp geçýärler.

 

Ýene-de okaň

Si Szinpin Türkmenistanyň Prezidentini we türkmen halkynyň Milli Liderini Nowruz baýramy bilen gutlady

UNFPA-nyň Türkmenistandaky ýurt boýunça direktory bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Prezidenti Gadyr gijesi bilen gutlady

Prezident Ärdogan Türkmenistanyň Prezidentini Nowruz baýramy bilen gutlady

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasynyň işleri metbugatda giňden wagyz ediler

Türkmenistanyň wekiliýeti Duşanbedäki Halkara zergärçilik sergisine gatnaşýar