TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Jasmin çaýynyň peýdaly häsiýetleri

Jasmin çaýynyň ysy beýnini oýarmaga kömek edýär. Ylmy-döredijilik işleri bilen meşgullanylanda Jasmin çaýyny içmeklik has-da täsirli bolsa gerek. Ýokary depgin bilen işlenilenden soň, Jasmin çaýy içilse ýadawlyk aýrylyp, gowy uklap bilersiňiz.

Bu çaýda minerallaryň we witaminleriň köp bolmagy metabolizmi gowlandyrýar. Şeýle hem nerw ulgamyny işjeň saklaýar, bedeniň immunitetini gowlandyrýar hem-de iýmit siňdiriş ulgamynyň kadaly işlemegine ýardam berýär. Jasmin çaýy bedeni ýokary derejede arassalaýar, zyýanly maddalary tebigy usulda aýyrýar. Şol sebäpli bu çaý sagdyn-durmuş ýörelgesine eýerýänler üçin has-da ähmiýetlidir.

Her gün bir bulgur bu çaýdan içmeklik ukusyzlygy, dowamly ýadawlygy ýeňip geçmäge we depressiýany ýatdan çykarmaga ýardam berer. Ol rahatlandyryjy häsiýete eýedir.

Bir bulgur täze demlenen Jasmin çaýynda bedeniň kadaly işlemegi üçin zerur gerek bolan witaminler (A, B, С we ş.m.). Şeýle hem bu çaýda peýdaly aminokislotalar, organiki birleşmeler we mineral maddalar (kaliý, magniý, kalsiý we ş.m.) bardyr.

Jasmin çaýynyň antioksidant häsiýeti bardyr. Mundan başga hem onuň garrylyga garşy göreşme häsiýetine eýedir. Onuň bu täsiri ylmy taýdan subut edilipdir. Bu çaý garramagy haýalladýan we öýjükleriň täzelenmegine itergi berýän yz elementleri öz içine alýar.

Awezow Serdar

TOHU-nyň talyby

“G-20” ýurtlarynyň sammiti ýüzbe-ýüz geçiriler

 

Ýene-de okaň

Garaşsyzlyk ýylarynda bilim ulgamynda gazanylan üstünlikler, ýetilen sepgitler

Ata Watan Eserleri

Milli ykdysadyýetiň ösüşli ýoly

Döredijilik işgärleri bilen duşuşyk

Teswirle